Добавить новость
ru24.net
World News
Январь
2021

Günorta Koreýa we ABŞ Eýrandan Hormuz bogazynda ele salnan tankeri boşatmagy talap edýär

0
Günorta Koreýa we Birleşen Ştatlary Hormuz bogazynda eýran häkimiýetleri tarapyndan ele geçirilen Günorta Koreýa nebit tankeriniň boşadylmagyny talap etdi.


“Hankuk Çemi” tankeri we onuň 20 adamlyk ekipažy 4-nji ýanwarda “nebit hapaçylygy” aýyplamalary bilen saklandy. Ýarym-resmi “Fars” habar agentligi gäminiň Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylary tarapyndan ele salnandygyny aýtdy.


ABŞ-nyň Döwlet departamenti Tährany, ykdysady sanksiýalara çykalga tapmak üçin, Pars aýlagynda hereket azatlygyna howp abandyrmakda günäkärledi.


Günorta Koreýanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýakyn günlerde Tährana sapar etmegine garaşylýar. Eýran Günorta Koreýadan ABŞ sanksiýalary sebäpli doňdurylan milliardlarça dollaryň boşadylmagyny talap edýär.


Gäminiň ele salynmagy, geçen ýyl Eýranyň Kuds güýçleriniň komandiri general Kasem Soleýmaniniň Bagdadda ABŞ dron hüjüminde öldürilmeginiň ýyl dönüminde regionda dartgynlylygyň ýokarlanýan wagtyna gabat gelýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Теннисистка Андреева станет первой ракеткой России после выхода в финал WTA






СК назвал причину смерти подростков в гараже в подмосковной Балашихе

Четыре новостройки по программе реновации возводят в Коптеве

В ГД предложили запустить карту «Серебряный возраст» на федеральном уровне

Крупное ДТП парализовало движение на 106 километре МКАД в Москве