Добавить новость
ru24.net
World News
Апрель
2021

Özbegistanda iň korrumpirlenen ministrlikler yglan edildi

0
Geçen ýyl Özbegistanda Saglygy goraýyş ministrligi, Halk bilim ministrligi we Gurluşyk ministrligi iň korrumpirlenen guramalar diýlip ykrar edildi. Bu maglumaty Korrupsiýa garşy göreş gullugynyň resmi wekili Bekzod Rahmonow 15-nji aprelde geçirilen metbugat ýygnagynda yglan etdi.


Onuň sözlerine görä, Bilim ministrligi ulgamynda 78 milliard som (7,4 million dollar) bikanun ulanylypdyr. Netijede, 214 işgäre düzgün-nyzam temmisi berilse, 34 resmi wezipesinden boşadylypdyr.


Saglygy goraýyş ulgamynda 16 milliard som (1,5 million dollar) möçberindäki maliýe bidüzgünligi y ýüze çykaryldy. Bu ministrlikde býujetden bölünip berlen 22 milliard somuň (2 million dollar) nädogry ulanylmagynyň öňi alyndy.


Emeldar Gurluşyk ministrligindäki korrupsiýa maglumatlaryny açmady. 


Şu ýylyň 24-nji martynda prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen wideo konferensiýada Baş prokuroryň orunbasary Akmalhoja Mawlonow 2020-nji ýylda Özbegistanda maksatly programmalara bölünip berlen 10 trillion somdan (951,7 million dollar) 845 milliard somuň (80, 4) million dollar) ogurlanandygyny aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Янник Синнер

Адвокат Синнера о соглашении с WADA: «Потребовалось время, чтобы убедить Янника, что это было правильным решением»






Север в окружении мужа, сыновей и Пескова, ушедшая в отставку Винер, радостная Шойгу: премьера «Северного полюса»

Москвичам пообещали раннюю весну

Экс-супруга Николаса Кейджа заявила, что сын напал на нее с оружием из-за актера

Ветеран ВОВ Кирсанова рассказала, как защищала Москву от бомбежек