Добавить новость
ru24.net
World News
Апрель
2021

Blinken Kabula sapar edip, taraplaryň hiç biriniň raýat urşuny islemeýändigini aýtdy

0
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken şu ýylyň aýagynda ABŞ goşunlary ýurtdan çekilenden soň Owganystanyň halkynyň-da, goňşy ýurtlaryň we “Talybanyň-da” ýurtda raýat urşunyň turmagynda bähbit görmeýändigini aýtdy.


Öňünden aýtman gelen Blinken 15-nji aprelde Kabulda görşen adamlarynyň ählisinde berk parahatçylyk islegini görendigini aýtdy.


Blinken metbugat ýygnagynda raýat urşunyň turmak ähtimallygy barada berlen soraga jogap berip, “Biziň eşidişimizden, hatda “Talyban” hem uruş-gowgada bähbit görmeýär” diýdi.


Ol "Talybanyň" Owganystanyň halkara derejesinde ykrar edilmegini we halkara goldawyny almagyny, şol sanda onuň liderleriniň erkin syýahat edip bilmegini isleýändigini, "eger olar raýat urşuna meçew berse, bu zatlaryň hiç biriniň mümkin däldigini" aýtdy.


Şeýle-de, Blinken “Talybana” amerikan goşunlary çekilýän wagtynda edilip biljek islendik hüjüme "gaty güýçli gaýtawul" beriljekdigini duýdurdy. 


Blinken Kabulda sekiz sagat çemesi wagt bolup, Waşingtonyň 11-nji sentýabrda ABŞ-nyň ähli esgerini yzyna çykarmak planlary barada resmilere maglumat berdi.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Андреева обыграла Рыбакину и вышла в финал турнира WTA в Дубае






В Москве начнется суд над владелицей незаконно торговавшей «Оземпиком» аптеки

Kp.ru: ночью 24 и 25 февраля 20-градусные морозы в придут в Подмосковье

Врач напомнила о важности привычки ужинать не позднее 4 часов до сна

Потерявшегося 5-летнего мальчика спасли из болота в Сергиевом Посаде