Добавить новость
ru24.net
World News
Апрель
2021

TOPH-yň owgan bölüminiň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky konsepsiýa gol çekildi

0
Türkmen DIM-i Türkmenistan bilen Owganystanyň  Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky howpsuzlyk konsepsiýasyna  gol çekendigini habar berýär.


15-nji aprelde “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň direktorlar geňeşinde geçirilen duşuşyga “Türkmengaz” döwlet konserninden M.Amanow, Owganystandaky türkmen Ilçisi H.Öwezow we Owganystanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary E.Ebad gatnaşyp, 

TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky howpsuzlyk konsepsiýasyna gol çekildi.


Habarda bellenmegine görä, howpsuzlyk konsepsiýasy TOPH gaz geçiriji taslamasynyň öz wagtynda durmuşa geçirilmeginde möhüm ädim bolup durýar.


Taraplar TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada umumy pikir alyşdylar we şu ýylyň awgust aýynyň aýagynda planlaşdyrylýan çäreleriň maslahatyny etdiler.


Türkmenistanyň Galkynyş gaz ýatagyndan Owganystanyň üsti bilen Pakistana, Hindistana gaz eltmeli geçirijiniň gurluşyk işleri 2015-nji ýylyň dekabrynda başlandy.


Türkmen tarapy taslamanyň ýurduň içindäki böleginiň, 205 kilometr aralyga uzaýan geçirijiniň gurlandygyny aýdýar.


Geçirijiniň owgan we pakistan bölekleriniň gurluşygy howpsuzlyk we maliýe meseleleri bilen baglylykda süýrenjeňlige salynýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Рублёв вышел в полуфинал турнира ATP в Монпелье на отказе Басилашвили






Аномально теплая зима может снизить урожайность сельхозкультур

Бастрыкин затребовал доклад по делу об отравлении детей в отеле в Москве

Умер актер сериала «Сармат» Арсен Петросян

Почему зарастают дачи, огороды и поможет ли изъятие земли.