Ysraýyl Hamasyň raketaly ok atyşygy bilen bir wagtda Gaza howa zarbalaryny dowam etdirýär
Hamasyň gözegçiligindäki anklawyň saglygy goraýyş ministrliginiň habaryna görä, 10-njy maýda zorluk güýçlenenden soň Gazada azyndan 56 palestinaly öldürilipdir. Bu çaknyşygyň pidalarynyň sany konflikte çekilen 14 palestinaly çagany hem öz içine alýar.
Medisina işgärleri Ysraýylda ýedi adamyň öldürilendigini aýtdy.
Sebitdäki soňky ýyllaryň iň erbet söweşi Ysraýylda ýewreýler bilen ysraýylly araplarynyň arasynda wagşyçylykly köçe zorlugyna sebäp boldy.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde raketa hüjümlerini ýazgardy we "Ysraýylyň howpsuzlygyna we Ysraýylyň özüni goramak hukugyna üýtgewsiz goldaw" bildirdi.
Netanýahu "Ysraýyl "Hamasyň" we Gazada hereket edýän beýleki terrorçylykly toparlaryň harby potensialyny gowşatmak üçin göreşini dowam eder" diýdi.
"Hamasyň" syýasy başlygy Ysmaýyl Haniýe söweşi dowam etdirmäge taýýardygyny mälim edip, "Duşman bilen gapma-garşylygyň soňy ýok" diýdi.