Putin bilen geçirilmegi teklip edilen ÝB sammiti goýbolsun edildi
Liderler 25-nji iýunda beren beýanatlarynda ýokary derejeli duşuşyklary ýa-da sammit meýilnamalaryny agzamazdan “Russiýa bilen dialogyň şertlerini we formatyny öwrenjeklerini” mälim etdiler.
ABŞ prezidenti Jo Baýden rus prezidenti bilen 16-njy iýunda Ženewada duşuşandan soňra, Fransiýa we Germaniýa 2014-nji ýylyň ýanwaryndan bäri ilkinji gezek Putin bilen ÝB sammitini geçirmegi teklip edipdi.
Ýöne Bruýsselde giç agşam geçirilen sammitden soňra, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel habarçylara Moskwanyň hoşniýetli garşylan sammit boýunça ylalaşyk gazanylmady diýdi. Ýöne ol sammitsiz hem “gepleşiklere badalga berip biljek formatlaryň öwreniljekdigini” aýtdy.
ÝB we Russiýa birnäçe ugurda, şol sanda Ukraina we Belarus bilen bagly meselelerde we adam hukuklary babatynda ylalaşmaýar.
Sammite garşy çykan liderleriň arasynda Litwanyň prezidenti Gitanas Nauseda hem bar. Ol Russiýanyň özüni alyp barşyny üýtgetmändigini aýtdy. Eger-de Ýewropa Bileleşigi, muňa garamazdan, Russiýa bilen gatnaşyp başlasa, munuň 'gümürtik we erbet alamatlara yşarat etjekdigini' aýtdy.