ABŞ ilçisi Russiýa dolandy
“Şu gün Moskwa dolandym. ABŞ-nyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, hem-de Russiýa bilen iki ýurduň arasynda durnukly hem-de öňünden çaklap bolýan gatnaşyklary ýola goýmak maksatlarymyzy ilerletmek üçin, ABŞ ilçihanasynyň topary bilen @USEmbRu işlemäge taýýar” diýip, ilçihananyň metbugat sekretary, Jeýson P. Rebholz Twitterde Sulliwany sitirledi.
Aprel aýynda ABŞ bilen Russiýa birek-birege garşy sanksiýalary we diplomatik ýurtdan çykarmalary yglan edenden soňra, Sulliwan geňeşmelere çagyrylypdy.
“Men Moskwa dolanandygyma begenýärin” diýip, Sulliwan Interfaksa beren interwýusynda aýtdy.
“Men ABŞ-nyň we Russiýanyň arasynda öňünden çaklap bolýan, durnukly gatnaşyklary ýola goýmak maksatlarymyzy gazanmak üçin rus hökümetindäki kärdeşlerimiz bilen işleşmäge garaşýaryn” diýip, ol aýtdy.
16-njy iýunda Ženewada geçirilen sammitden soňra prezident Jo Baýden we onuň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin dartgynlylygy gowşatmak tagallalarynyň çäginde iki ýurduň ilçileriniň öz missiýalaryna dolanjakdyklaryny yglan edipdi.