Добавить новость
ru24.net
World News
Июль
2022

Bişkekde aýallar we çagalar babatyndaky zorluga garşy sungat inisiatiwasy başlandy

0
12-nji iýulda Bişkegiň köçelerinde - aýallara we çagalara garşy zorlugy nyşana alýan “Panic Button” sungat başlangyjy bat aldy.


Ideýanyň awtory, suratkeş Munara Abdukaharowa bu inisiatiwanyň 13 ýaşly gyzjagazyň zorlanmagy barada halk köpçüligine mälim bolanyndan soň ýüze çykandygyny belleýär.


Suratkeşiň pikirine görä, adamlar we tutuş jemgyýet zorluga garşy göreşiň ähmiýetine üns berer ýaly, kömek sorap SOS signalyny berýän gyzyl reňkli kublar Bişkegiň köçelerinde ýerleşdirilmeli.


“Şäherimizde ýaşaýan we belki her gün “SOS duýduryş düwmeleri oturdylan şeýle ýerleriň deňinde geçen 13 ýaşly bir gyz alty aýlap zorlugyň pidasy boldy. Onuň obrazy bu gyzyl kublarda öz beýanyny tapdy. Biz bu sungat eserleriniň üsti bilen jemgyýeti biperwaý bolmazlyga, äsgermezlik etmezlige, mesele barada has köp gürlemäge we adalat talap etmäge çagyrýarys "-diýdi Abdukaharowa.


Azatlyk Radiosynyň gyrgyz gullugy 13 ýaşly gyzjagazyň ýagdaýyny habar berdi. Ony zorlamakda dört erkek adam şübhelenilýär, ikisi polisiýa işgäri. Bu waka köpçüligiň nägileligini döretdi. Aktiwistler içeri işler ministriniň işinden aýrylmagyny talap edip ýöriş geçirdiler we krizis merkezleri prezidenti çäre görmäge we aýal-gyzlara hem-de çagalara garşy edilýän zorlugy bes etmäge çagyrdy. BMG tarapyndan ýurduň ýolbaşçylaryna aýal-gyzlara garşy zorluga garşy göreşi güýçlendirmek çagyryşy edildi.


8-nji iýulda Bişkek şäheriniň Swerdlowskiý etrap sudunyň ýene bir diňlenişik geçirjek wagty binanyň golaýynda aýallara görkezilýän zorluga garşy ýene bir ýöriş geçirildi. Gatnaşanlar içeri işler ministri Ulanbek Niýazbekowyň işden aýrylmagyny, femisidiň bes edilmegini we zorlamakda günäkärlenýänleriň jogapkärçilige çekilmegini islediler.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Елена Рыбакина сделала первое заявление после решения WTA по ее скандальному тренеру






УФАС рассмотрит жалобу на Конгресс-бюро из-за выставок в Дели и Эр-Рияде

Авиарейс из Кемерова в Москву задержали на 8 часов

Следователи рассказали о судимостях родителей погибших под Красноярском детей

Жители 10 городов на выходных увидят фильм томичей "Столица Паркура"