Eýranly aktiwist konserte gatnaşandygy üçin türme tussaglygyna höküm edildi
Karimbeiginiň aklawçysy Amir Raisian 1-nji awgustda “Modara” web sahypasyna Tähranyň Yslam Rewolýusiýasy kazyýetiniň golaýda oňa garşy "milli howpsuzlyga garşy jenaýat etmek niýeti bilen ýygnanyşmak we dil düwüşmek" aýyplamasynyň çäginde höküm çykarylandygyny aýtdy.
Şeýle-de, oňa "sistema garşy propaganda jenaýaty" we "alkogolly içgileri saklamak" aýyplamasy esasynda bir ýyl türme tussaglygy, jerime tölemek we 74 dürre urmak hökümi çykaryldy.
Karimbeigi 14-nji iýunda tussag edildi. Onuň dogany Mostafa Karimbeigi 2009-njy ýylyň iýun aýynda geçirilen prezidentlik saýlawyndan soň başlanan köçe protestleri basylyp ýatyrylanda öldürildi.
Karimbeigi bir gezek sosial ulgamlarda Ebiniň konsertine gatnaşmagy arzuw edýändigini we aýdymçynyň ony Türkiýede geçjek konsertine çagyrylandygyny ýazdy.
Onuň şol konsertiň fonunda düşen we sosial mediada ýerleşdiren suraty soňra onuň özüne garşy ulanyldy, häkimiýetler ony milli howpsuzlyga garşy hereket etmekde aýypladylar.