Добавить новость
ru24.net
World News
Октябрь
2022

Eýrandaky protestler tapgyr altynjy hepde dowam etdirilýär

0
Eýranda fabrika işgärleri we dükan eýeleri 22-nji oktýabrda iş taşlaýyş geçirdiler. Bu mundan alty hepde ozal Mahsa Amininiň baş örtgüsini “nädürs” geýendigi üçin saklanyp, soňra-da tussaglykda ýogalmagyndan soň tutuş ýurt boýunça tutaşan protestleriň arasynda geçirildi.


22 ýaşly Amininiň ölümi Eýranda soňky ýyllaryň dowamyndaky iň iri protestleriň döremegine itergi boldy.


Ýaş gelin-gyzlar bu hereketleriň başyny çekip, öz baş örtgülerini aýyryp, hökümete garşy şygarlary gygyrdylar.


Bu protestleri basyp ýatyrmak çäreleriniň dowamynda, hukuk goraýjylaryň belleýşi ýaly, azyndan 215 adamyň öldürilendigine hem garamazdan, demonstrantlar köçelerde howpsuzlyk güýçlerine garşylyk görkezýärler.


Aktiwistler täze protestlere çagyryş etdiler.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса