Türkmenistanyň futbol boýunça saýlama topary Russiýa bilen oýundan ýüz öwürdi - media
Maglumatda muňa ýurtlaryň degişli federasiýalarynyň oýnuň geçjek ýeri boýunça yalalaşmazlyklary sebäp bolandygy, her tarapyň duşuşygy öz meýdanynda geçirmek isländigi nygtalýar.
“Noýabrda dostlukly oýny geçirmek barada Türkmenistanyň futbol Federasiýasy bilen Russiýanyň arasynda deslapky ylalaşyk bardy, ýöne hiç hili resmi dokumente gol goýulmandy” diýip, neşir çeşmäniň sözlerini getirýär.
“Russiýa duşuşygyň Moskwada ýa-da Russiýanyň beýleki şäherleriniň birinde geçirilmegini isledi. Şol sebäpli, Türkmenistan bu wariantdan ýüz öwürdi, we häzir Aşgabatda oýnap biljek garşydaşlaryny gözlemek bilen meşgul” diýip, çeşmäniň sözleri sitirlenýär.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bu ýagdaýlar boýunça beýanat bermedi.