Hezbollah Hamasyň lideri öldürilenden soň, Ysraýyla garşy urşunda täze tapgyra başlaýandygyny aýdýar
Sinwar geçen ýylyň 7-nji oktýabrynda Hamasyň Ysraýyla garşy amala aşyran adam pidaly hüjüminiň arkasynda durupdy. Bu hüjüm Gazadaky urşy tutaşdyrdy.
Sinwar 17-nji oktýabrda Gazada Ysraýylyň esgerleri tarapyndan öldürildi.
Eýran onuň öldürilmeginden soň, özüniň hemaýatyň gowşamajakdygyny ýaňzytdy. “Garşy duruş ruhy berkär” diýip, Eýranyň BMG-däki missiýasy Sinwaryň ölüminden soň aýtdy.
ABŞ tarapyndan terrorçy gurama hökmünde ykrar edilen Hezbollah hem haýbatly çykyşlary etdi. Ýewropa Bileleşigi bu toparyň harby ganatyny özüniň gara sanawyna goşdy.