Amerikalylar ABŞ-nyň dartgynly we taryhy prezident saýlawynda ses berýärler
Olar bu ses berişlikde Respublikan partiýanyň dalaşgäri, öňki prezident Donald Trump bilen we Demokratik partiýanyň dalaşgäri, wise-prezident Kamala Harrisiň gazanan netijelerini kesgitlemeli.
Ses beriş uçastoklary 5-nji noýabrda, gündogar ştatlaryň käbirinde ir sagat 5-de (Praga wagty bilen sagat 11-de) açylýar. Ses berişlik tutuş ýurt boýunça, şol sanda Alýaskada we Hawaýide, ABŞ-nyň uzak günbatar ştatlarynda agşam sagatlaryna çenli dowam eder.
Ilat ýazuwy býurosynyň maglumatyna görä, 2016-njy we 2020-nji ýyllarda goýlan rekordlardan soň, saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşygynyň has ýokary bolmagyna garaşylýar.
Federal saýlaw resmileri 4-nji noýabr güni giçlik, bäsleşigiň örän çekeleşikli bolmagy bilen, Russiýanyň we Eýranyň ABŞ-ly saýlawçylaryň arasynda agzalalyk döretmäge gönükdirilen täsir kampaniýalaryny güýçlendirýändiklerini duýdurdylar.
2020-nji ýylda iş başyndaky prezident Jo Baýdenden ýeňlen Tramp ol iýul aýynda 2024-nji ýyldaky bäsleşikden çekileninden soň, üçünji gezek dalaş edýär.
Onuň demokrat bäsdeşi Harris, saýlanan halatynda, ABŞ-nyň Günorta Aziýadan bolan we ilkinji aýal prezidenti bolar. Tramp saýlansa, taryhda yzygiderli ýagdaýda ikinji möhlete saýlanmadyk ikinji prezident bolar.