Mask, dartgynlygy aradan aýyrmak üçin, Eýranyň BMG-däki ilçisi bilen duşuşdy - NÝT
Eýranyň anonim çeşmelerine salgylanyp berlen habarda aýdylmagyna görä, bu duşuşyk "oňyn" diýlip häsiýetlendirilipdir.
Gazet iki adamyň arasynda bir gizlin ýerde, bir sagatdan gowrak dowam eden duşuşygyň 11-nji noýabrda bolandygyny aýtdy.
AFP habar gullugynyň maglumatyna görä, bu habary Trampyň geçiş topary-da, Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky missiýasy bada-bat tassyk etmedi.
Bu duşuşyk, eger-de tassyklansa, Trampyň Eýran bilen aradaky diplomatiýa çynlakaý çemeleşjeginiň alamatlaryny görkezip biler.
Şeýle-de, bu habar tassyklansa, ol Teslanyň, SpaceX-iň we X platformasynyň eýesi Maskyň täze Tramp administrasiýasyna edýän täsiriniň ýene bir görkezijisi bolar.