Добавить новость
ru24.net
World News
Ноябрь
2024

Türkmenistanda mallar köpçülikleýin haram ölýär (WIDEO)

0
Ýurduň dürli sebitlerinden köpçülikleýin mal ölümleri barada habarlar gelip gowuşýar. Daýhanlar mallaryň öri meýdanlarda-da, hojalyklarda-da näbelli keselden gyrylýandyklaryny aýdýarlar. Weterinarlar maldarçylyk hojalyklarynyň ýygjamlaşan çagyryşlaryna özleriniň ýetişip bilmeýändiklerini aýdýarlar.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri Mary welaýatynyň Türkmengala we Ýolöten etraplaryndaky öri meýdanlarynda mallaryň köpçülikleýin gyrylýandygyny habar berýärler.


“Hususan-da, soňky bir aý bäri, öri meýdanlarda bakylýan mallar näbelli bir keselden ejir çekýär. Kesel ýolugan mallaryň burny akyp, agsaklap, aýak üstünde durup bilmän başlaýarlar” diýip, maryly maldarlar aýdýar.


Maldarçylyk hojalyklary şeýle şikaýatlar bilen weterinarlara ýygy-ýygydan ýüz tutup başladylar.


“Weterinarlar mallara dört-bäş gün sanjym edilmelidigini aýdýarlar. Gijelerine mal ýataklarynda haram ölýän mallar bar, ýöne weterinarlaryň berýän saglyk bejergilerinden şypa tapýan mallar hem bar” diýip, maryly çopanlar aýdýar.


Azatlyk Radiosy ençeme wagtdan bäri Türkmenistanda hasaba alynýan köpçülikleýin mal ölümleri barada yzygiderli habar berip gelýär.




Şeýle habarlar, hususan-da, awgust, sentýabr aýlarynda ýygjamlaşdy. Azatlygyň Balkandaky habarçysy awgustyň ortalarynda welaýatyň 10-a golaý obasynda iri şahly mallaryň köpçülikleýin haram ölüp başlandygyny habar berdi. Munuň yz ýany, sentýabr aýynyň ahyrky hepdesinde Lebap welaýatynyň dört etrabynda – Çärjew, Dänew, Saýat we Hojambaz etraplarynda – mallar näbelli keselden gyrlyp başlady.


Bu aralykda habarçylarymyz günorta-gündogar Mary welaýatynyň bazarlarynda awgust aýynda sygyr etiniň bahasynyň duýdansyz 30 göterim çemesi gymmatlandygyny habar berdiler.


Döwlet mediasy mallaryň arasynda köpçülikleýin häsiýete eýe bolan keselçiligi we gyrgynçylygy asla agzamady. Ýurduň oba hojalyk resmileri hem bolup geçýän betbagtçylyk boýunça beýanat bermekden saklanyp geldi.


Azatlyk Radiosyna ýaňy-ýakynda gelip gowşan iň soňky sosial media wideolarynyň birinde ýurtdaky mal ölümleriniň gerimini synlasa bolýar. Bu wideo Azatlygyň web sahypasynda çap edildi.


Wideo, görnüşinden, maldarçylyk hojalyklarynyň birinde düşürilipdir. Wideoda açyk asmanyň astyndaky bir mal ýatagynda üýşüp ýatan läşleri görmek bolýar.


Wideonyň awtory esasan goýun we geçilerden ybarat läşleriň sanynyň 500 çemesi bolandygyny aýdýar.


Öli mallaryň daşyna agaçdan haýat aýlanypdyr. Wideonyň awtory haýatdan böküp geçip, goýunlaryň we geçileriň läşini wideo ýazgy edýär. Wideoda bir tarapdan traktoryň sesi eşidilýär, şol bir wagtda awtor gapdaldan biri bilen gepleşýär we mal ýatak sahnasyny örän geň galmak bilen suratlandyrýar.


Azatlyk ätiýaçdan wideonyň sesini aýyrdy. Bu wideonyň anyk haçan we ýurduň haýsy welaýatynda düşürilendigi mälim däl.


Ýöne gepleşik dilinden çen tutup, bu wideonyň Mary ýa-da Ahal welaýatynda düşürilendigini çaklamaga esas bar.




Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri ýurduň esasan günorta-gündogar welaýatynda öri meýdanlardaky mallaryň näbelli keselden köpçülikleýin haram ölüp, weterinarlaryň ýetişip bilmeýändigini aýdýarlar.


“Weterinarlar öri meýdanlara äkidilip, olar birnäçe hepdeläp çöl-beýewanda bolýarlar. Olar käwagt gijesi bilen mallara esewan edip çykýarlar, derman berýärler, ýöne köplenç kesel ýolugan mallary halas edip bolmaýar” diýip, Türkmengala we Ýolöten etraplaryndaky ýagdaýlardan habarly beýleki bir çopan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.


Ýöne diňe bir öri meýdanlaryndaky mallar däl, eýsem şahsy hojalyklardaky mallar hem haram ölýär diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


Käbir obalarda weterinarlar maldarlaryň telefon jaňlaryna ýetişip bilmeýär. Ýerli ýaşaýjylary käbir kesel mallara däri-dermanyň hem täsir etmeýändigini aýdýarlar.


Bu aralykda, köpçülikleýin mal ölümleriniň arasynda adamlar işigindäki ýa-da öri meýdanlardaky sagdyn mallaryna-da sanjym etdirip, antibiotikleri we wiruslara garşy dermanlar alyp başladylar.


“Bu gidişine gitse, mallaryň baş sany gaty azalyp biler. Bogaz mallaryň arasynda hem haram ölýän mallar köp” diýip, weterinarlar aýdýar.


Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Даниил Медведев

Тренер Медведева назвал Синнера и Алькараса самым большим вызовом для российского теннисиста






Рёнхап: Все 181 пассажиров разбившегося самолета погибли, кроме двух спасенных

Захарова двумя словами ответила на планы Азербайджана ужесточить условия для граждан России

Дед Мороз назвал позитивный настрой детей и взрослых своей зарплатой

Россиян на борту разбившегося в Южной Корее самолета не нашли