ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Balkan sebitine sapar etdi
Rud ýurduň günbatar sebitinde ýerli kärhanalaryň we Türkmenistanda işleýän amerikan kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary maýa goýumlaryny we täjirçilik gatnaşyklaryny giňeltmegiň döredijilikli ýollaryny öňe sürýär, ykdysady ösüşe we hemmeler üçin abadan geljegi gurmaga uly ähmiýet berýär diýip, habarda bellenýär.
Rud şu ýylyň 24-nji iýulynda Aşgabada geldi we 31-nji iýulda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatlaryny gowşurdy.