Добавить новость
ru24.net
World News
Декабрь
2024

Gürjüstanda täze protestler başlandy, demonstrantlar ýaýlym binasyny petikledi

0
Gürjüstanyň premýer-ministri prezidentiň şu aýyň aýagynda, gitmezlik wadasyny berendigine garamazdan, möhleti dolanda wezipesinden aýrylmalydygyny aýtdy. Hökümete garşy protestçiler, onuň goldaýan adamlary ýene-de köçelere çykyp, paýtagtyň esasy ýerlerinde howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşdy.


Demonstrantlar 1-nji dekabrda jemgyýetçilik teleýaýlymynyň, 1-nji Kanalyň howlusyna ýygnanyp, onuň girelgesini petiklediler we bu ýerde guramanyň ýolbaşçylary işden çekilýänçä galmak wadasyny berdiler.


Şeýle-de, demonstrantlar ruslara dostlukly "Gürjüstan arzuwynyň" ýolbaşçylygyndaky hökümete garşy çykýan protestçiler, Ýewropa tarapdar toparlar barada habar berilmegini talap etdiler.


Bu ýerde ýa-da mejlis binasynyň golaýynda tussag edilen ýa-da ýaralan adamlaryň bolandygy barada hiç hili habar gelip gowuşmady, ýöne “Current Time”, “Häzirki zaman” neşiriniň wideosy protestçileriň uly toparlarynyň suw toplary we göz ýaşardyjy gaz bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny, howpsuzlyk işgärleriniň olara garşy duruşlaryny görkezdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса