Gürjüstandaky dartgynlylyk polisiýa ýowuzlygy bilen utgaşýar
Pitnä garşy polisiýa 4-nji dekabr güni irden Gürjüstanyň paýtagtynda tapgyr altynjy gije protest bildirýän demonstrantlary dargatmak üçin suw toplaryny we göz ýaşardyjy gazy ulandy.
Demonstrantlar Rustaweli şaýolunyň merkezinden golaýdaky metro bekedine tarap ýörediler, howpsuzlyk güýçleri olaryň parlament binasyna girmeginiň öňüni baglady we birnäçe ptotestçini tussag etdi.
Dolandyryjy “Gürjüstan arzuwy” partiýasy geçen hepde kawkaz ýurdunyň Ýewropa Bileleşigine goşulmak baradaky arzasy esasynda geçirilmeli goşulmak gepleşiklerini togtatjakdygyny yglan edeninden bäri geçirilýän protestler Gürjüstany çaýkady.
Protest gerimleriniň barha giňeýändigine garamazdan, premýer-ministr Irakli Kobahidze yza çekilmekden ýüz öwürdi we demonstrasiýalarda bolup geçen zorlugyň arkasynda durýandyklaryny aýdyp, syýasy garşydaşlaryny jezalandyrmak haýbatyny atdy.