Rus bankiri sanksiýa uran ykdysadyýetin gelýän ýylda haýallajakdygyny aýdýar
Kostin, Halkara pul gaznasynyň 1,3 göterim çaklamasyndan hem geçirip, 2025-nji ýylda jemi içerki önüm ösüşiniň 1,9 göterime çenli peseljekdigini çaklady.
Hökümet şu ýyl ykdysadyýetiň 3,9 göterim ösmegine garaşdy. Ol inflýasiýanyň häzirki 8,5 göterim ýagdaýyndan 6,4 göterime çenli peseljekdigini aýtdy.
"Uruş tasdan üç ýyl töweregi wagt bäri dowam edýär we köp sanly sanksiýa girizildi. Biz dolulygyna adatdan daşary ýagdaýda ýaşaýarys" diýip, Kostin geçen hepdäniň aýagynda "Roýters" habar gullugyna beren interwýusynda aýtdy.
Şeýle-de, döwlet býujetiniň üçden bir bölegi harbylara harçlanýar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.