Добавить новость
ru24.net
World News
Декабрь
2024
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Ene-atalar: Daşary ýurtlardaky talyplara $250 geçirmek üçin onlaýyn nobata ýazylyp bolmaýar

0
“Halkbank” döwlet täjirçilik bankynda daşary ýurtlarda bilim alýan talyplara dollaryň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça ibermäge rugsat berilýän 250 dollar möçberindäki pul serişdelerini geçirmekde kynçylyklar artýar diýip, ene-atalar aýdýar.


Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, esasy kynçylyk bankyň resmi websaýtynda onlaýyn nobata ýazylmak bilen baglanyşykly.


“Websaýtda nobata ýazyljak bolsaň, saýt doňup galýar we täzeden synanyşyň diýip görkezýär. Ýöne onlarça gezek synanyşsaň-da, synanyşyklar şowsuz bolup, nobat almak başartmaýar” diýip, çagasy daşary ýurtda okaýan aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.




Bellesek, häzirki wagtda ene-atalar daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna diňe agzalýan bank arkaly her aýda pul geçirip bilýärler. Bu bankda onlaýyn nobata ýazylmak düzgüni şu ýylyň mart aýynda güýje girizildi. Şondan ozal raýatlar bankyň öňünde nobata durup, bank işgärlerinden žeton alyp, şol nobatda görkezilen günde gaýtadan banka gelip, çagalarynyň Visa we Mastercard-laryna pul geçirýärdiler.


Ene-atalar ilkinji aýlarda onlaýyn nobata ýazylmak düzgüniniň birneme kadaly işländigini, ýöne soňra aýdan-aýa ýaramazlaşyp başlandygyny belleýärler.


“Örän seýrek bolsa-da, käte saýtyň nobata ýazylmak bölümi işlände, bu aý üçin nobatlaryň dolandygy, diňe öňümizdäki aýa nobata ýazylyp bolýandygy aýdylýar. Şeýlelik-de, ene-atalar bir aý çagalaryna pul geçirip bilmeýär. Sebäbi nobatdaky aýda öňki aý üçin däl-de, diňe şol aý üçin pul geçirip bolýar” diýip, aşgabatly başga bir ene anonimlik şertinde aýtdy.


Ene-atalar onlaýyn nobata durmak bilen bagly näsazlyklaryň häkimiýetler, şol sanda bank işgärleri tarapyndan emeli döredilýändigine ynanýarlar.


Olar munuň sebäbini bank işgärleriniň käbirleriniň, araçylaryň üsti bilen, para beren raýatlary onlaýyn nobata goýup berýändigi bilen düşündirýärler.


“Häzir 200-500 manat aralygynda para beren raýatlar pul geçirip bilýärler. Ýöne munuň üçin-de bankdan tanyş tapmaly bolýar” diýip, aşgabatly başga bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.


Bankyň bir işgäri anonimlik şertinde Azatlyga beren maglumatynda onlaýyn nobata durmakdaky näsazlyklaryň bankyň IT ussalary tarapyndan emeli döredilýändigini tassyklady.




“Bu barada Merkezi bankyň konwertasiýa bölüminiň ýolbaşçysy Halkbankyň ýolbaşçysyna dilden görkezme berdi. Onuň tassyklamagyna görä, pul geçirmegi resmi taýdan çäklendirip ýa-da gadagan edip bolmaýar. Bu edilse, onda Türkmenistanyň ykdysady krizisdediginiň döwlet derejesinde boýun alnandygy bolýar. Şol sebäpli saýtda näsazlyklar döredilip, pul geçirýän raýatlaryň sany çäklendirilýär” diýip, bank işgäri aýtdy.


Azatlygyň bu ýagdaýlar barada “Halkbank” döwlet täjirçilik bankyndan we ýurduň Merkezi bankyndan telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.


Türkmenistanda öňden bäri dowam edip gelýän maliýe-ykdysady kynçylyklaryň arasynda 2015-nji ýylyň başynda walýutanyň söwdasy güýçli çäklendirildi. Şondan bäri dollaryň resmi alyş-çalyş bahasy 3,5 manat bolmagynda galýar. Bu aralykda, ýurtda walýutanyň gara bazary emele gelip, 1 dollar 20 manada çenli ýokarlandy.


Walýuta çäklendirmeleriniň fonunda, türkmen hökümeti ene-atalara kesgitli möçberdäki pul serişdesini resmi kursdan walýuta çalyşmak arkaly, daşary döwletlerde okaýan çagalaryna ibermek mümkinçiligini döretdi. Bu, ykdysady kynçylyklaryň arasynda, gurpdan düşen köp maşgala, şol sanda türkmen talyplaryna uly goltgy bolmagynda galýar.


Emma ene-atalar indi ýedi ýyldan gowrak wagt bäri hödürlenýän bu mümkinçilikden kadaly peýdalanyp bilmän, yzygiderli bökdençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.


Geçen aýyň ortalarynda lebaply ene-atalar banklaryň daşary ýurtlardaky talyplara iberilýän $250 puly gijikdirip geçirýändigini, munuň talyplara oňaýsyz täsir ýetirýändigini habar berdiler.


Türkmen häkimiýetleri ýyllarboýy dowam edip gelýän bu meseleler barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Карен Хачанов

Карен Хачанов и Янник Синнер провели совместную тренировку в Дубае






Сергей Собянин. Неделя мэра

Мишустин принял участие в новогодней благотворительной акции «Елка желаний»

Индийская BPCL хочет увеличить мощности своих НПЗ почти на 10 млн т/год к 2028 г.

Годовалый ребенок запутался в одеяле и задохнулся в детском доме в Москве