Добавить новость
ru24.net
World News
Декабрь
2024

Türkmenistan Gazagystan bilen göni howa gatnawlaryny maslahatlaşýar

0
Aşgabat bilen Astana iki ýurduň arasynda ýatyrylan göni howa gatnawyny dikeltmek meselelerini maslahatlaşdy diýip, “Biznes Türkmenistan” Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna salgylanyp ýazýar.


Türkmenistandaky gazak ilçisi Nurlan Nogaýew bu meselä geçen hepdäniň aýagynda, 6-njy dekabrda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy Döwran Saburow bilen geçiren duşuşygynda garapdyr.


Ilçi göni howa gatnawlarynyň dikeldilmeginiň iki ýurduň raýatlarynyň amatlylygy, ykdysady we syýahatçylyk gatnaşyklaryny berkitmek üçin uly ähmiýetiniň boljakdygyny aýdypdyr.


Şeýle-de, ol gatnawlaryň gaýtadan dikeldilmeginiň gazagystanly syýahatçylary Türkmenistana çekmäge kömek etjekdigini, syýahatçylyk düzümleri üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyny belläpdir.


Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, Döwran Saburow ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygyny aýdypdyr.


Şol bir wagtda, taraplaryň geňeşmeleri dowam etdirmek ylalaşygyna gelendigi aýdylýar.


Maglumat üçin aýdylsa, Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Urumçy bilen Aşgabadyň arasyndaky uçar gatnawy üç ýyllyk arakesmeden soň, 2023-nji ýylyň aprelinde dikeldildi.


Şonda  “Global Times” neşiriniň ýazmagyna görä, bu Hytaý bilen bäş Merkezi Aziýa ýurdunyň arasyndaky uçar gatnawlarynyň doly dikeldilendigini görkezdi.


Emma muny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň paýtagtlarynyň arasyndaky howa gatnawy barada aýdyp bolmaýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Вероника Кудерметова разгромно проиграла Белинде Бенчич во втором круге турнира WTA-500






Канье Уэст сначала "послал" Гошу Рубчинского русским матом, а потом назвал другом и предложил снова "затусить" в Москве

Источник 360.ru: в Москве произошел пожар в здании «Электрозавода»

Кубок Англии: 12 фактов перед матчем «Плимут» – «Ливерпуль»

Вы что там жрёте?! Герман Стерлигов возмущён тем, что народ не покупает у него хлеб за 4500 рублей и масло за 30 000! Адская несправедливость!