Добавить новость
ru24.net
World News
Декабрь
2024
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Daşoguzda howa sowady, ýyladyş turbalaryndaky suw doňdy, gaz we elektrik üpjünçiligi ýaramazlaşdy

0
Daşoguz welaýatynyň çäklerine birden aýazly howa aralaşyp, howanyň temperaturasy -15 gradusa çenli peseldi. Munuň bilen bir wagtda, sebitde ilatyň ýylynmak meselesinde ýiti bökdençlikler emele geldi. Bu bökdençlikleriň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 10-njy dekabrda sebitden maglumat berdi.


“Daşoguzda anomal sowuk howa başlandy. Geçen hepde howanyň temperaturasy +10 gradus bolan bolsa, bu hepde Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Goşahowly, Aýböwür ýaly Üstýurt tekizligine golaý ýerlerinde birden howanyň temperaturasy -15 gradusa çenli sowady” diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.


Sebite gury sowuk howanyň aralaşmagy bilen, ilatyň gaz, elektrik togy we suw üpjünçiliginde bökdençlikler emele geldi. Suwuň, elektrigiň, gazyň basymy peseldi.




“Hojalyklara berilýän toguň güýji 220 wolt bolmaly, ýöne häzir onuň güýji 85 woltdan geçmeýär. Lampalar zordan gyzaryp işleýär” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.


Şeýle-de, elektrik üpjünçiligindäki bökdençlik zerarly ilat elektrik peçlerden peýdalanyp bilmeýän mahaly, ýyladyş ulgamlaryndaky turbalarda suwuň doňmagy netijesinde, ilatyň ýylynmak meselesi has-da ýitileşdi.


“Hususan-da, oba mekdeplerinde ýyladyş ulgamlary doňup, klas otaglarynda turbalar, radiatorlar ýaryldy. Bu ýagdaýlar tas ähli mekdeplerde gaýtalanýar” diýip, etrabyň bilim işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Onuň tassyklamagyna görä, birnäçe gün bäri dowam edýän bu meseleleri ýerli häkimiýetler, şol sanda häkimligiň wekilleri çözüp bilmeýärler.


Mekdep ýolbaşçylary we mugallymlary özbaşdak çözgüt tapyp, okuwçylary sowukdan goramaga çalyşýarlar.


“Käbir mugallymlar klaslara odun ýakyp, ýyladýan peçleri satyn almaga mejbur bolýarlar. Ýöne munuň näderejede howpsuzlygy ikuçly” diýip, bilim işgäri belledi.


Ene-atalaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, käbir mekdepleriň ýolbaşçylary okuwçylara mekdebe iki sagat giç gelmegi tabşyryp, okuwçylary sowukdan aýamaga synanyşýarlar.


“Mekdep ýolbaşçylary okuwçylara sagat 8:30-da däl-de, 10:30-da, howa sähel maýlanda geliň we iki sagat okap gidiberiň diýýärler. Bu sowukda çagalar günortana çenli mekdepde çydamazdy. Sebäbi termometrler -15 gradusy görkezse-de, hakykatda, hamala, 20-25 gradus sowuk ýaly duýýarsyň” diýip, daşoguzly ene anonimlik şertinde aýtdy.




Ol her ýyl aşa aýazly howa şertlerinde esasan çagalaryň kösenýändigine ünsi çekip, hökümetden sowuk etraplaryň mekdep okuwçylaryny we çagalar baglarynyň körpelerini aşa sowuk howa şertleri üçin niýetlenen ýyly gyş eginbaşlary bilen üpjün etmegi hem sorady.


Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda sebit häkimliginden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.


Türkmen hökümeti her ýylyň güýz paslynyň başynda edara-kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim edaralarynyň, beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň gyş möwsümine taýýarlanýandygyny we olaryň bökdençsiz işledilmeginiň gazanylýandygyny aýdýar.


Muňa garamazdan, gyş paslynda howanyň sowamagy bilen, şäher we oba ýerlerinde ýylylyk üpjünçiliginiň ähmiýetiniň artýan mahaly, ýurduň paýtagtynda we sebitlerinde ilat ýaramaz ýylylyk üpjünçiligi, gazyň, elektrigiň we suwuň kesilmegi bilen yzly-yzyna ýüzbe-ýüz bolýar.


Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanyň häkimiýetleri ilatyň gaz, suw, tok we ýylylyk üpjünçiliginde ýyllarboýy dowam edip gelýän bökdençlikleri aç-açan boýun alyp, mesele gozgamaýarlar.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Вероника Кудерметова поднялась на одну строчку в рейтинге WTA






Нечистая сделка: появились новые подробности в деле о квартире Ларисы Долиной

Фотография билета легендарного Виктора Цоя на самолет до Новокузнецка оказалась в Сети

А. Новак: Добыча угля в России по итогам 2024 г. ожидается на 1% ниже 2023 г.

Синоптик спрогнозировала мокрый снег в конце недели в Москве