Добавить новость
ru24.net
World News
Декабрь
2024

Ysraýyl Siriýanyň deňiz flotuny ýok edendigini aýdýar

0
Ysraýylyň deňiz güýçleri 10-njy dekabr gijesi Siriýanyň deňiz flotuny ýok etdi diýip, Ysraýylyň goranmak ministri Ysraýyl Katz Haýfadaky deňiz bazasyna sapar edýän wagtynda aýtdy. Bu habary “The Times of Israel” çap etdi.


Katz ysraýyl güýçleriniň Siriýa bilen Golan belentlikleriniň arasyndaky bufer zonasyna ornaşmagyny  artdyrýandygyny aýtdy.


Şeýle-de, Ysraýylyň howpsuzlygyna abanýan howpy ýok etmek üçin, ol Siriýanyň günortasynda ysraýyl goşunlarynyň hemişe bolmazlygynda steril gorag zolagynyň döredilmegine çagyrdy.


“The Times of Israel”  gazetiniň çeşmeleri gämileriň Minet el-Beýda aýlagyna we Latakiýa portuna urlan raketa zarbalary netijesinde ýok edilendigini aýtdylar.


Arap metbugatynda ýaýradylan wideoýazgylarda Latakiýa portunda gark bolan söweş gämileri görkezilýär.


"Roýters" habar gullugy Ambreýe, iňlis deňiz howpsuzlyk kompaniýasyna salgylanyp, Siriýanyň azyndan bäş harby gämisiniň ýok edilendigini habar berdi.


Habarda portuň infrastrukturasyna göze görnüp duran zyýanyň ýetmändigi bellenýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Определилась первая соперница Елены Рыбакиной на «тысячнике» в Индиан-Уэллсе






Летевший из Москвы в Ереван самолет экстренно вернулся в столицу

Артём Здунов обсудил с Иреком Файзуллиным модернизацию инфраструктуры Мордовии

Один человек погиб и трое пострадали в страшном ДТП на трассе М-4 в Подмосковье

Более 10 000 работников Желдорреммаша прошли профессиональное обучение в 2024 году