Täze ýyly bellemegi çäklendirýän häkimiýetler baýramçylyk üçin býujetçilerden we telekeçilerden pul ýygnaýar
“Şu günler döwlet edaralarynyň işgärleriniň her birinden 100 manat pul ýygnalýar. Edara ýolbaşçylarymyz bu pula Mary-Aşgabat ýolunyň ugrunda ýerleşýän “Altyn-Asyr” bazarynyň golaýyndaky “Ak öýüň” öňünde gurnaljak baş arçanyň we onuň töwereginiň bezeljekdigini aýdýarlar” diýip, maryly býujet işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Býujet işgärleriniň birnäçesiniň aýtmagyna görä, edara ýolbaşçylary nagt görnüşinde 100 manat bermekden boýun gaçyranlaryň nobatdaky aýlygyndan 150-200 manat tutulyp galynjakdygyny hem duýdurýarlar.
“Bize soralýan puly bermekden başga çykalga galmaýar. Sebäbi dawalaşan işgärlere-de, hemişe bolşy ýaly, işden çykaryljakdygy barada haýbat atýarlar” diýip, maryly başga bir býujet işgäri belledi.
Habarçymyz Täze ýyl baýramy mynasybetli Mary şäheriniň käbir ýerlerinde bezeg işleriniň geçirilýändigini aýdýar.
Şäheriň “Belent” söwda merkeziniň baş gapysynda bezelen arça, aýazbaba we Täze ýyl baýramyna degişli heýkeller we dürli reňklerdäki çyralar ýerleşdirildi. Hususy dükanlaryň daşky we içki diwarlaryna dürli reňkdäki çyralar asylmana başlandy.
Bu aralykda, sebitiň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri hususy dükanlara aýlanyp, telekeçilerden hem, dükanyň ululygyna görä, 200-300 manat pul talap edýärler. Olar bu pul serişdesine ýokary wezipeli kanun goraýjylara sowgat alynjakdygyny aýdýarlar.
“Köp telekeçi bu puly bermekden boýun gaçyrýar. Ýöne olar bize haýbat atyp, telekeçilik işimize ýaramaz täsir edip biljekdiklerini aýdýarlar. Kanun goraýjylar el serip, pul ber, bolmasa mugt azyk ber diýip, bizar edýärler” diýip, maryly telekeçi anonimlik şertinde öz nägileligini beýan etdi.
Mundan başga-da, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary býujet işgärleri bilen ýygnaklary geçirip, olara Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde Aşgabada gitmezligi tabşyrýarlar.
Býujet işgärleriniň ençemesiniň tassyklamagyna görä, edara ýolbaşçylary işgär ýa-da onuň maşgala agzalaryndan biri paýtagta gidip, haýsydyr bir sebäbe görä, polisiýa tarapyndan saklanyp, tussag edilse, onda işgäriň işden çykaryljakdygyny duýdurýarlar.
“Umuman biz öz welaýatymyzdan çykmaly däl. Sebäbi paýtagtda köçede dogry ýöräp barsaň hem, welaýatdan gelendigiň zerarly tussag edilmek töwekgelçiligiň bar” diýip, maryly býujet işgäri belledi.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden teswir alyp bilmedi.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda ähli baýramçylyklary, şol sanda Täze ýyly berk gözegçilik astynda belläp geçýärler. Bu baýramçylyklaryň köpüsiniň öňüsyrasynda, welaýat ýaşaýjylary paýtagtdan öz ýaşaýan sebitlerine iberilýär.
Geçen ýyldan bäri Türkmenistanda Täze ýyl baýramçylygyna garşy wagyz-nesihat işleri, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, güýçlendirildi. Häkimiýetler baýramçylyga garşy gadagançylyklaryň birnäçesini güýje girizdiler.
Geçen hepde Azatlygyň Marydaky habarçylary ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyplardan Täze ýyl baýramçylygyny bellemezlik barada dilhaty alynýandygyny habar berdi.
Aşgabatdaky habarçylarymyz bolsa, paýtagtyň orta mekdeplerinde mugallymlaryň okuwçylara duýduryş berip, Täze ýylda goňşular, dogan-garyndaşlar bilen baýramçylyk bellemegiň gadagan edilýändigini aýdandygyny mälim etdiler.
Türkmen häkimiýetleri bu çäklendirmeler barada aç-açan mesele gozgamaýar.
Remi media paýtagt Aşgabatda ýerleşjek Baş arçanyň yşyklarynyň 14-nji dekabrda ýakylmagyna garaşylýandygyny habar berýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.