Добавить новость
ru24.net
World News
Декабрь
2024
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Ýylyň jemleri 2024:  “Ösüş sanlaryna” garamazdan, durmuş kynçylyklary saklandy, raýdaş işjeňligi artdy

0
Türkmen hökümetiniň yzly-yzyna getiren “ösüş sanlaryna” garamazdan, Türkmenistanda ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň ilata ýetirýän ýiti täsirleri 2024-nji ýylda hem saklanyp galdy.


Döwlet dükanlarynda ýeňillikli bahadan satylýan esasy azyk önümleriniň görnüşiniň has-da çäklendirilmegi we bazarlarda harytlaryň gymmatlamagy netijesinde, ilatyň aglaba bölegi üçin günübirin ulanylýan azyk önümleriniň üpjünçiligi uly alada boldy.


Bu aralykda, üstümizdäki ýylyň dowamynda ilat arasynda raýat işjeňligi we raýdaşlygy artyp, açyk pikir alyşmalar ýygjamlaşdy.


2024-nji ýylyň ilkinji günleri häkimiýetleriň käbir hyzmatlaryň nyrhyny 100%-e çenli gymmatlatmagy bilen başlandy. Türkmenistanlylar 1-nji ýanwardan başlap, 1 kub metr suwuň bahasynyň 50 teňňeden 1 manada gymmatlandygyny bilip galdylar.


Mundan başga-da, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda döredilen emeli azyk bolçulygy, köpdürliligi we arzançylygy 2024-nji ýylyň birinji hepdesiniň ahyryna çenli hem saklanmady. Harytlaryň bahasy ýene 30%-e çenli gymmatlady.




Döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan unuň gytçylygynyň arasynda, fewral aýynda Türkmenistanyň hökümeti bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, degişlilikde 2,5 we 3,5 esse ýokarlandyrdy.


Munuň yzysüre, döwlet dükanlarynda ýeňillikli bahadan satylýan unuň we çöregiň bahasy hem gymmatlady. Bir kilogramy 1 manat bolan un 3,5 - 4,5 manat aralygynda satylyp başlandy.


Fewralda Türkmenistanda künjaranyň we kepegiň döwlet bahasy hem degişlilikde bäş we alty esse gymmatlady. Bu ýagdaý, kepegiň we künjaranyň erkin söwdadaky bahalarynyň hem ýokarlanmagyna getirdi.


Şu ýylyň dowamynda bolan esasy gymmatlamalaryň ikisi ulag sürüjilerine degişli boldy. Mart aýynda ulaglary ada geçirmek 260 manatdan 960 manada, guratlyk barlagy 300 manatdan 600 manada gymmatlady, sebäbi düşündirilmedi.


2024-nji ýylyň dowamynda döwlet dükanlarynda esasan hem unuň, çöregiň we günebakar ýagynyň gytçylygy ýiti duýuldy. 27-nji sentýabrda bellenýän Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, bazarlarda we hususy söwda nokatlarynda 17 manatdan bahalanan günebakar ýagynyň bir litriniň bahasy birden 30 manada ýokarlandy. Şondan soň häkimiýetler döwlet dükanlarynda we käbir söwda nokatlarynda günebakar ýagynyň satuwyny çäkli möçberde 18 manatdan seýrek ýola goýup başlady. Bu ýag nobatlarynda ilatyň nägileliginiň artmagyna getirdi.


Oktýabr aýynda döwlet dükanlaryna paýlanýan çöregiň sany hem 30% azaldyldy. Ozal bir döwlet dükanyna her günde 100 çörek paýlanan bolsa, indi 70 çörek paýlanyp başlandy. Bu ýagdaý, çörek nobatyndaky adamlaryň arasynda dartgynlylygyň artmagyna hem getirdi.


Bankomatlarda nagt ýetmezçiligi


Üstümizdäki ýylda ýurduň bankomatlarynyň kadaly işlemezligi we olarda nagt puluň tapdyrmazlygy bilen bagly bökdençlikler hem saklanyp galdy. Käbir raýatlar pul nagtlaşdyrmak üçin, 300 km töweregi ýol aşyp, beýleki şäherdir etraplara gitmeli boldular.


Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanda ilat gaz, suw we elektrik üpjünçilikleriniň kesilmegi bilen ýylyň dowamynda ençeme gezek ýüzbe-ýüz boldy. Munuň bilen bir wagtda, häkimiýetler ykdysady kynçylyklaryň arasynda, hojalyk hyzmatlarynyň töleglerini wagtynda geçirip bilmeýän raýatlardan tölegleri almak işlerine polisiýany çekdi.


Ýangyç gytçylygy


2024-nji ýylyň dowamynda ýurtda ýangyç gytçylygy hem ýitileşdi. Beketlerde emele gelýän awtoulag nobatlary birnäçe sagatlap dowam etdi. Sürüjilere çäkli möçberde ýangyç guýlup berildi. h


Azyk gymmatçylygynyň we gytçylygynyň, şeýle-de durmuş şertleriniň agyrlaşmagynyň arasynda, ýurtda sadaka soramaga ýa-da dilegçilik etmäge, şeýle-de zibil dörmäge mejbur bolýan çagalar, garrylar we ýaş çagaly eneler hem göz-görtele köpeldi. Aşgabadyň häkimiýetleri zibil gutularyny tiz-tizden arassalamaýan telekeçilere jerime salyp, zibil dörýän raýatlara garşy göreşdi.


Munuň bilen bir wagtda, dükanlarda azyk önümleriniň we öýlerde, howlularda goşlaryň ogurlanmagy, ulaglaryň talanmagy bilen bagly ýagdaýlar hem ençeme gezek ýüze çykdy. Ýerli synçylar ogurlyk hadysalarynyň geriminiň 'neşekeşlik döwründäki' derejelere çykmagyndan howatyr edýändiklerini aýtdylar.




Ykdysady kynçylyklaryň we gymmatçylygyň arasynda, daşary ýurtlara gidýän türkmenistanlylaryň sany hem göz-görtele köpeldi. Habarçylarymyz Içeri işler edaralarynda işini taşlamaga, daşary ýurtlara çykmaga ymtylýan işgärleriň hem köpelendigini habar berdiler.


Russiýanyň we Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanalarynyň öňünde wiza almak isleýän raýatlaryň uly nobatlary emele geldi.


Bu aralykda, ýurduň migrasiýa edaralarynda biometriki pasport almak isleýän raýatlaryň nobatlary birinji gezek tas iki ýyla çenli uzady. Häkimiýetleriň daşary ýurtlara barýan türkmenistanlylary uçara goýbermezligi bilen bagly ýagdaýlar hem ençeme gezek ýüze çykdy.


Türkmen häkimiýetleri ykdysady krizisiň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýärler. Munuň bilen bir wagtda, türkmen hökümeti ýylyň başyndan aýagyna çenli geçiren hökümet maslahatlarynda, adatça bolşy ýaly, yzly-yzyna “ösüş sanlaryny” getirdi.


Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 6-njy dekabrda geçirilen hökümet maslahatynda beýlekiler bilen bir hatarda, ýurduň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek babatda görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň 6,3 göterim artandygy mälim edildi. Ýöne häkimiýetler inflýasiýanyň derejesi, ykdysady kynçylyklar we onuň ilata ýetirýän täsirleri barada kelam agyz söz aýtmady.


Bu aralykda, üstümizdäki ýylyň dowamynda ilat arasynda raýat işjeňligi we raýdaşlygy artyp, açyk pikir alyşmalar ýygjamlaşdy. Hususan-da, sosial ulgamlaryň türkmen dilli ulanyjylarynyň arasynda Türkmenistanyň prezidentine aç-açan ýüzlenýän, durmuş-ykdysady meseleler barada açyk pikirleri gozgaýan raýatlar göz-görtele köpeldi.


Bu tendensiýanyň arasynda, häkimiýetler bu raýatlar bilen, öňki tejribelerden tapawutlylykda, “mylakatly” düşündiriş işlerini geçirýärler. Ýerli synçylar MHM işgärleriniň öz arzyny dile getirýän raýatlara "repressiýa gorkusy" bilen däl-de, "mylakatly we düşünişmäge çalyşmak" bilen jogap berip başlandygyny aýtdylar.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Анна Калинская

Анна Калинская снялась для обложки журнала Harper’s Bazaar и попросила не спрашивать её о романе с Янником Синнером






14 новых экспозиций откроется в «Михайловском» в 2025 году

В Саратовской области прошли похороны помощника Кириллова Ильи Поликарпова

Глава МИД Турции: судьбу российских военных баз в Сирии должен решить ее народ

Проблемный рейс Москва - Шарм-эш-Шейх перенесли на 22 декабря