Salam, Dogan! Ene we çaga aýralygy jemgyýetiň ‘uly meselesine' öwrüldi
Anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly enäniň sözlerine görä, Türkmenistandaky ene-ata we çaga aýralygy meselesi 90-njy ýyllaryň başynda, giň ýaýran neşekeşlik, işsizligiň we jenaýata baş goşýanlaryň, türmä basylýan adamlaryň köpelmegi, içerki we daşarky zähmet migratlarynyň sanynyň artmagy bilen çuňlaşdy we adaty bolmadyk şertlerde ulalan tutuş bir nesliň döremegine getirdi. Hünärmenler bu meseläniň tutuş jemgyýet bolup öwrenilmelidigini we çözülmelidigini aýdýarlar.
Ene we çaga aýralygyna bagyşlan gepleşigimize, birinji böleginde bolşy ýaly, ABŞ-da ýaşaýan türkmen analitigi Aýnabat Ýaýlymowa, polşada ýaşaýan maşgala psihology Oksana Wlasowa, Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwist Dürsoltan Taganowa gatnaşýar. Gepleşigimizi diňläp, bu meselede öz pikir-garaýyşlaryňyzy paýlaşmaga çagyrýarys.