Добавить новость
ru24.net
World News
Январь
2025

Rus telekeçisi deslapky tussaghanada öldi

0
"Men Trewel" syýahatçylyk firmasynyň müdiri Andreý Kotow dekabr aýynyň aýagynda Moskwadaky "Wodnik" tussaghanasynda aradan çykdy diýip, AÝ/AR-nyň “Häzirki zaman” neşiri habar berýär.


Bir aý öň, geýler üçin syýahat gurandygy üçin diýip, oňa garşy ekstremist aýyplama esasynda kazyýet işi açyldy. Kotow tussag edilen wagtynda elektroşoker bilen ýenjildi. Gulagu.net taslamasynyň maglumatyna görä, görkezme berdirmek üçin, Kotow deslapky tussaghanada  kemsidildi.


Andreý Kotow bilen dost bolan žurnalist Aleks Mur “I graýnul Grem” kanalyna beren interwýusynda telekeçiniň gynalandygyny we karserde, jeza kamerasynda saklanandygyny aýtdy.


Derňew onuň özüni öldürendigini öňe sürýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса