Kanadanyň premýer-ministri Jastin Trudo işinden çekilýändigini aýtdy
Trudo partiýa täze başlyk saýlan badyna iş başyndan aýryljakdygyny aýtdy.
Döwletiň täze lideri "umumymilli bäsdeşlik prosesi" netijesinde saýlamaly diýip, Trudo ýurduň ýakyn aýlarda geçiriljek täze saýlawlara garaşýandygyny aýtdy. Ol özüniň saýlawlarda dalaşgär bolmak niýetiniň ýokdugyny hem sözüne goşdy.
Trudo işinden çekilmedik bolanlygynda Kanadada indiki parlament saýlawlary şu ýylyň 20-nji oktýabrynda geçirilmelidi. Indi saýlawyň has ir geçirilmegine garaşylýar.
Analitikleriň pikirlerine görä, Trudonyň işden gitmegi Kanadanyň Konserwatiw partiýasyny öňdebaryjy ýagdaýa getirip biler.