Her porsiýa üçin $2,5 we ondan ýokary. Merkezi Aziýa ýurtlarynda palaw indeksi we bahalaryň ösüşi
Bu görkezijini hasaplamak üçin, Özbegistanyň Döwlet statistika komiteti Merkezi Aziýada iň meşhur hem esasy nahar saýylýan palawyň bir adamlygynyň ýa-da bir kilogramynyň ortaça bahasyny ulanýar. Palaw ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni gymmatlyklar sanawyna girizildi. Pilav Indexi Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda hasaplanan halatynda nähili görünýär we sebitiň haýsy ýurtlarynda palaw syýahaty has düşewüntli bolýar?
Bar ýerden paýtagtda gymmat
Özbegistanda "Palaw indeksi" 13 sebitdäki we Daşkentdäki bahalar esasynda kesgitlenýär. Garaşylyşy ýaly ykdysady görkezijiniň iň ýokary çägi paýtagtda bolmagynda galýar. Döwlet statistika komitetiniň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň dekabr aýynda bu şäherde palawyň bir paýynyň (porsiýa) orta bahasy 35 müň 744 soma ýa-da 2,77 dollara ýetdi. Mundan bir ýyl ozal onuň bahasy 29 müň 667 soma deň boldy. Özbek palawynyň iň arzan sebiti Namangan boldy.
Daşkentde şertli 10 dollara 3,5 töweregi paý satyn alarsyňyz. Namangan etrabynda ol 6-a golaý paý bolar. Ýeri gelende aýtsak, Özbegistanyň köp ýerlerinde palawyň ýany bilen külçe nan, çaý ýa-da şakarap – däp bolan pomidor we sogan salaty hem şol baha goşulyp berilýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynda palaw naz-nygmatyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Daşkendiň telewideniýe diňiniň ýanyndaky meşhur Bäş Gazan palaw merkeziniň aşpezleriniň biri ýylyň dowamynda naharyň bahasynyň düýpli üýtgemändigini aýtdy.
"Häzir palawyň bir paýynyň bahasy 38 müň som. Bir ýyl öň 34 müň som boldy. Azyk iýmitiň bahasy-da o diýen üýtgemedi. Geçen ýyl özgerişlik bolan bolsa, ol diňe gowulaşdy" diýip, aşpez pikirini paýlaşdy.
"Bäş gazan" merkezinde palaw senagat derejesinde bişirilýär, gazanlarda 500 kilograma çenli taýýar nahar ýerleşýär. Menýuda bolsa palawyň birnäçe görnüşi bolup, olar şol bir bahadan, diňe palawa salynýan zatlar bilen biri-birinden tapawutlanýarlar.
Adaty bolmadyk düzüm we gutulardaky palaw
Gazagystanda ýöriteleşdirilen palaw merkezleri ýok, ýöne bu ady göterýän naharhanalar köp. Mysal üçin, Astanada we Almatyda "Lagman we palaw merkezi" ýa-da "Palaw we çişlik" ýaly merkezler bar.
Palawyň her ölçeginiň bahasy 1700 tengeden, takmynan 3,24 dollara golaýdyr. Ýöne ortaça bir okara palawa 2000-2500 tenge (3,82 - 4,77 dollar) tölemeli bolýar. Eger üýtgeşigräk görnüşi – kömelekli, narly, ananasly ýa-da narpyzly palawy isleseňiz, artyk tölemeli.
Gazagystanyň paýtagtynda we onuň iň uly şäheri Almatyda 10 dollara 2-3 paý palaw satyn almak mümkin. Ony gutuda hem satyn alyp bolýar, bu usul Gazagystanyň şäherlerinde giňden ýaýran.
Meşhur naharyň bahasynyň ýakyn geljekde artmagy mümkin. Palaw eltip bermek hyzmatlarynyň biriniň eýesi Azatlyk Radiosyna munuň sebäbiniň käbir azyk önümleriniň we hyzmatlaryň bahasynyň ýokarlanmagy bilen baglydygyny aýtdy.
"Biz häzirlikçe köne bahalary saklaýarys: bir kilogram palaw 3800-6000 tenge (7.16 - 11.31 dollar). Bahalar össe (müşderileriň) peselmegi mümkin, ýöne bu möwsümleýin hadysa, ýanwar aýynda mydama biraz ümsümlik aralaşýar" diýip, gürrüňdeşimiz aýtdy.
Günortada palaw tagamly hem arzan
Gyrgyzystanyň paýtagtynda diňe palaw üçin ýöriteleşdirilen birnäçe naharhanany tapyp bilersiňiz. Bu ýerde köplenç kiçi paýlarda däl-de, kilolap satyn alynýar.
Bişkek kafelerde we restoranlarda bir okara palawyň bahasy 250-300 som töweregi. Häzirki alyş-çalyş bahasyndan ol 2,87 - 3,45 dollara barabardyr.
Ol baha Gyrgyzystanyň günorta paýtagty Oşda biraz arzan. Oş Fergana jülgesiniň merkezinde diýen ýaly ýerleşýär. Ýurduň bu künjeginde iň tagamly palaw taýýarlanýar diýip hasap edilýär. Şeýle hem bu ýerde palawyň dürli görnüşleri bar. Oş şäherindäki islendik naharhanada, bir paý kartoşkaly palawy 200 somdan, ýagny 2,30 dollar bahadan satyn almak mümkin.
Şeýlelikde, Gyrgyzystanda 3-4 paý taýýar palaw almak üçin, 10 dollar ýeterlikdir. Käbir naharhanada, Özbegistanda bolşy ýaly, palawyň ýanyndan şol baha goşup, çaý ýa-da salat ýaly önümleri berýärler.
Günorta Gyrgyzystanda ýörite çäreler üçin, çagyrylýan aşpezler tarapyndan palawynyň bişirilmegi hem giňden ýaýran.
Batken welaýatyndan aşpezleriň biri Dilmurodyň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda palawa gerek zatlaryň bahasynyň artýandygy has göze ilýär.
“Azyk önümleriň bahasy duzdan başlap ete çenli 2-4 esse çemesi ýokarlandy. Men palaw üçin 3-4 ýyl öňki tüwini ulanmaga çalyşýaryn, ýagny saklanan tüwiniň palawy has tagamly bolýar. Eger öň onuň kilosyny 180 soma (2,06 dollar) satyn alan bolsam, indi onuň bahasy 400 som ($4.57). Çäreden öň palawyň bar zadyny taýýarlaýan, sebäbi ir sagat 3-4-de nahary bişirip başlaýaryn. Şonda sagat 8-de eýýäm myhmanlara palaw taýýar bolýar. Öňünden gerekli zatlaryň sanawyny düzmäge oturanymyzda, käbir önümiň bahalary depe saçyňy üýşürýär. Kiçi üýşmeleňlere 10-15 kilo tüwi alýarlar. Toý üçin 100-120 kilo golaý tüwi gerek" diýip, ol aýdýar.
Limon we Duşanbe palawy
Täjigistanyň paýtagtynda Özbegistandan çagyrylan aşpezleriň bişirýän Daşkent palawyndan başlap, owgan palawyna çenli islendik görnüşlerini tapyp bilersiňiz.
Naharhanalaryň biri "Duşanbe palawy" atly görnüşini hödürleýär, oňa badam goşulýar. Palawhanalaryň köpüsinde palawyň ýanyna limon bölegini goýýarlar.
Täjigistanyň merkezi böleginde palaw üçin, esasan, uzynak däneli tüwini saýlaýarlar, ony köplenç günebakar hem zygyr ýagyny garyşdyryp bişirýärler. Käbirleri palawyň ýany bilen az mukdarda sygyr etiniň çorbasyny-da hödür edýär.
Ortaça Duşanbede palawynyñ bir paýynyň bahasy 40-50 somoni (3,67 - 4,58 dollar). Bu ýerde 10 dollara 2 - 2,5 tabak palaw satyn alyp bolar.
Türkmenistandaky ýagdaý
Sosial ulgamlardaky Aşgabat restoranlarynyň sahypalaryndaky maglumatlara görä, Türkmenistanyň paýtagtynda taýýar palawyň bir paýynyň bahasy naharhananyň derejesine baglylykda, 15 manatdan, 30 manat aralygynda (4,28 - 8,56 dollar) bolar.
Türkmenistana degişli maglumatlary iňlis we rus dillerinde çap edýän Progres Online neşiri 2020-nji ýyldan bäri Palaw Indeksini her aýda hasaplaýar. Bu indeks sygyr eti, tüwi, ýag, käşir, sogan we un bahalaryna esaslanýar. Soňky un önüminiň bu indekse goşulmagy Türkmenistanda her bir naharyň ýanynda, milli çöregiň bolýandygy bilen düşündirilýär.
Geçen ýylyň noýabrynda bu neşir käşiriň bahasynyň birden ýokarlanandygyny we tüwiniň bahasynyň hem şeýle düýpli peselendigini habar berdi. Neşir Palaw indeksini 4 adamly maşgala üçin, her hyzmata 64,5 manada (18,41 dollar) barabar diýip jemledi.
Maglumatlaryň nä derejede hakykatdygy belli däl. Türkmenistan dünýäde iň ýapyk ýurtlaryň biri bolmagynda galýar. Döwlet ykdysadyýetiň uly böleginiň üstünden, berk administratiw gözegçilik ýöredýär, inflýasiýanyň möçberi we ýaşaýyş-durmuş minimumy boýunça resmi sanlar çap edilmeýär, aslynda "sarp ediş ölçegi" diýlen düşünje ýok.
Bütindünýä banky we Halkara pul gaznasy derňew statistikasy hökmünde, Türkmenistanyň hökümetiniň berýän maglumatlaryny kabul etmeýär. IMF 2921-nji ýyldan bäri bu maglumaty ret etdi.
Azatlyk Radiosynyň maglumatyna görä, ýurtda birnäçe ýyl bäri azyk gytçylygy duýulýar. Şu ýylyň başynda Azatlygyň habar bermegine görä, Türkmenistanda azyk harytlarynyň bahasy ýene-de çalt ösüp, käbir sebitlerde iki-üç esse ýokarlanypdyr.
Palaw ykdysadyýetiň aýnasy hökmünde
Bir naharyň bahasy, elbetde, ilatyň abadançylygynyň doly görkezijisi bolup bilmeýär. Önümiň ahyrky bahasyna başga-da köp faktorlar: energiýa serişdeleriniň bahasy, aýlyk haklary, salgyt düzgünleri we ulanylýan desgalaryň bahalary täsir edýär.
Ýöne hödürlenen seljermä esaslanylsa, şol bir möçberdäki bahadan palawy Özbegistanda we Gyrgyzystanda köp satyn alyp bolýar (şähere baglylykda). Muny taýýarlamak Gazagystanda we Täjigistanda amatly. Türkmenistanda ýurduň ýapyk häsiýeti sebäpli, sosial-ykdysady görkezijileri obýektiw seljermek mümkin däl.
"Palaw Indeksi" däp bolan önümleri göz öňünde tutýar, ondan daşary muňa nohut bilen kişmiş hem goşulyp bilner. Şunlukda, Merkezi Aziýanyň dürli naharhanalarynda palawyň ýanynda bedene ýumurtgasy, kazy, şöhlat, behi, sarymsak, dolama ýaly köp zat bolup biler.
Umumylykda, ýakynda täzelenen "Numbeo" hyzmatynyň maglumatlaryna görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda 2025-nji ýylda azyk önümleriniň indeksi (azyk önümleriniň bahasy) Almatyda iň ýokary derejä ýetdi, onuň yzysüre Bişkek we Astana geldi. Özbegistanyň paýtagty Daşkentde azyk harytlary ol üç şäherden arzan.
Halkara maliýe guramalary 2025-nji ýylda sebitiň ýurtlarynda, inflýasiýanyň gyradeň däl ýagdaýda artjakdygyny çaklaýarlar.
Aziýanyň Ösüş bankynyň maglumatyna görä, Gazagystanda aprel aýyna çenli ol görkeziji 6,3% çenli ýetip biler. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende tas 2% aşaklaýar. Gyrgyzystanda bankyň ösüş depgini 6,5% garaşýar. Bu görkeziji 2024-nji ýylyň aprel aýyna garanyňda, 1% aşaklaýar. Täjigistanda - 5,5% (2024-nji ýylyň aprel aýynda 6,5% bolupdy), Türkmenistanda - 8%, bu geçen ýylyň görkezijisine deň, Özbegistanda 10% boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň aprel aýyna garanyňda 0,5% ýokarydyr.
Material Umida Tillýaýewanyň we Nargiz Hamrabaýewanyň gatnaşmagynda taýýarlandy.