Добавить новость
ru24.net
World News
Январь
2025

Lukaşenko ÝB-niň "galp" diýen saýlawynda ýedinji möhlete saýlanandygyny aýdýar

0
Belarusyň uzak wagtlyk hökümdary Aleksandr Lukaşenko Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň "galp" diýip ýazgaran prezident saýlawynda özüniň ýedinji möhlete ýolbaşçy saýlanmagyny üpjün etdi.


Sesleriň ählisiniň sanalmagy bilen, Belarusyň Merkezi saýlaw topary prezident saýlawlarynyň deslapky netijelerini yglan edip, Aleksandr Lukaşenkonyň 26-njy ýanwarda geçirilen ses berişlikde 86,82% ses alandygyny aýtdy.


Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Igor Karpenkonyň sözlerine görä, onuň iň ýakyn bäsdeşi Sergeý Syrankow 3,2% ses aldy.


Içeri işler ministrligi saýlaw uçastoklarynda göze görnüp duran düzgün bozmalaryň bolmandygyny aýtdy.


Ministrligiň resmileri we harby işgärleri "saýlaw wagtynda jemgyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur bolan çäreleri amala aşyrdylar" diýip, ministrlik telegramda aýtdy.


Rus ýarany we otuz ýyl bäri häkimiýet başynda oturan Lukaşenko 26-njy ýanwarda irden ses berip, metbugat bilen söhbetdeşlikde Belarusyň "berk demokratiýasynyň" bardygyny aýtdy.


Emma oppozisiýa, hukuk toparlary we Günbatar onuň bu sözleri bilen ylalaşmaýar.


Düýbi Waşingtonda ýerleşýän "Freedom House" guramasynyň soňky hasabatynda Belarus "saýlawlaryň aç-açan galplaşdyrylýan we raýat azatlyklarynyň çäklendirilýän awtoritar döwleti" diýlip häsiýetlendirildi.


Litwada ýerleşen oppozisiýa lideri Swýatlana Tikhanouskaýa 26-njy ýanwarda X-de Ýewropa şäherlerinde bu saýlawa garşy protest ýörişleriniň geçirilýändigini aýdyp, "Belarus erkinligi talap edýär" diýdi.


ÝB-niň ýokary derejeli resmileri saýlawyň öňüsyrasynda bu ses berişligiň kanunylygyny we Lukaşenkonyň garaşylýan ýeňşini sorag astyna aldylar.


Ýewropa Parlamentiniň prezidenti Roberta Metsola bu saýlawy "galp" diýip atlandyrdy we X platformasynda "Belarus halkyna aýtjak zadym: berk duruň, biz siziň arkaňyzda durus, diktatorlyk döwri soňlanar" diýip ýazdy.


ÝB-niň daşary syýasat başlygy Kaýa Kallas Lukaşenkony "30 ýyllap häkimiýete ýapyşmakda" tankytlady we onuň "ýene-de bir galp saýlawda özüni gaýtadan wezipä bellejekdigini" aýtdy.


"Bu demokratiýa aç-açan garşy durmak" diýip, ol özüniň X platformasyndaky beýanatynda aýtdy.


Emma muňa garamazdan, Lukaşenko bu tankytlary ret etdi we Günbatar liderleriniň aýdanlaryny eşitmezlige saldy.


“Bu saýlawlary ykrar ediň ýa-da etmäň: Bu bir tagam duýmak meselesi. Men munuň aladasyny etmeýärin. Meniň üçin esasy zat bu saýlawlary belaruslylaryň ykrar etmegi" diýip, ol 26-njy ýanwarda Minskde geçirilen metbugat ýygnagynda žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Андреева обыграла Рыбакину и вышла в финал турнира WTA в Дубае






Ереван отметил День защитника Отечества в Доме Москвы торжественным концертом

Экипажи 11 воздушных судов ушли на запасные аэродромы из-за ветра в Сочи

РФ получит от Ирана график выкупа земель по участку Решт – Астара

Домодедово (Московская область) - Сварочные работы любой сложности