Türkiýe ýylyň ahyryna çenli 1,3 milliard kub metr türkmen gazyny alar
Bu Türkiýäniň umumy serhedi bolmadyk ýurtdan soňky 20 ýylda ilkinji gezek alýan gaz üpjünjiligi bolar.
Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktaryň bu maglumaty prezident Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýetiň düzüminde Indoneziýa eden sapary wagtynda aýdandygy bellenýär.
Mundan öň Türkiýäniň Türkmenistandan Eýranyň üsti bilen aljak gazynyň anyk mukdary billi däldi.