Türkmenistan we Yrak türkmen gazynyň “swap” usulynda iberilmegini maslahatlaşdy
Sudani bilen 5-nji martda telefon arkaly geçiren söhbetdeşliginde türkmen lideri Türkmenistanyň öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasatyna berk eýerýändigini nygtady.
“Şunuň bilen baglylykda, iki ýyl mundan ozal Türkmenistan bilen Yragyň gaz pudagynda bilelikdäki işlere girişendikleri hem-de her ýyl 10 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny goňşy Eýranyň çäginden “swap” usulynda Yraga ibermek boýunça düýpli ylalaşygyň gazanylandygy aýdyldy” diýip, TDH-nyň habarynda bellenilýär.
Şeýle-de, onda Sudaniniň Yragyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, munuň üçin zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini belländigi hem nygtalýar.
Söhbetdeşlikde Berdimuhamedow Türkmenistanyň Aşgabatda Yragyň diplomatik wekilhanasynyň açylmagy we onuň netijeli işlemegi üçin ähli amatly şertleri döretmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny hem tassyklady.
Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanyň häkimiýetleri tebigy gazynyň eksporty üçin täze ýollary gözleýändigini yglan edip gelýärler.
Geçen aýyň başynda Türkmenistan tebigy gazynyň eksporty üçin täze şertnama gol goýdy. Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki geçirijileri dolandyrýan BOTAŞ firmasy bilen Türkmenistanyň “Türkmengaz” konserni arasynda baglaşylan şertnama 1-nji martda güýje girdi we Eýranyň üsti bilen 1,3 milliard kubmetr türkmen gazynyň akdyrylmagyny göz öňünde tutýar.