Добавить новость
ru24.net
World News
Январь
2026
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27
28
29
30
31

Myhmanhanalardaky 'pynhan duşuşyklar' paýtagt myhmanlaryny otagsyz köseýär

0
Azatlygyň çeşmeleri Aşgabatda bir zamanlar uly dabara bilen açylan myhmanhanalaryň käbirindäki otaglaryň paýtagtda we onuň töwereginde ýaşaýan, sebitlerden gelýän gurply erkekler üçin pynhan duşuşyk ýerine öwrülendigini, howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleriniň bu hili ‘bikanuna bizneslere göz ýumýandyklaryny’ habar berýärler. Bu 'biznesiň' getirýän bikanun girdejileri, onuň arkasynda durýan täsirli adamlar hakynda maglumat alyp bolmaýar.
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen we bu ‘ýerasty, bikanun biznes’ diýilýänden habarly adamlaryň aýry-aýrylykda tassyklamagyna görä, myhmanhanalara gijäniň ýarynda aýal maşgala bilen, resminamasyz gelýän paýtagt ýaşaýjylary otaglarda 2-3 sagat galmak üçin 400-500 manat möçberinde töleg töleýärler.
Azatlygyň söhbetdeşleri bu ýagdaýyň bireýýämden bäri adaty zada öwrülendigini, hukuk goraýjy işgärleriň, säher häkimliginiň işgärleriniň hem ondan ‘gowy habarlydygyny’ aýtdylar.
Pully adamlaryň keýp çekmekleri üçin ‘gowy şertler döredilýär'Aşgabadyň gijeki durmuşy, aýdylmagyna görä, hemişe bolşy ýaly, pully adamlaryň keýp çekmekleri üçin ‘gowy şertleriň döredilmegi bilen tapawutlanýar’.


“Arçabil şaýolynyň ugrundaky “Mizan” myhmanhanasy öňdebaryjylygy bilen tapawutlanýar, ol zyna etmäge gelen müşderileriň howpsuzlygyna kepil geçýär, günüň dowamynda polisiýa myhmanhananyň daşynda hem adamlary soraga çekmäge rugsat bermeýär. Bu köçäniň ugrunda “Mirap”, “Nusaý”, “Ahal”, “Mary” myhmanhanalary hem bikanun ýagdaýda, zyna edýän müşderileri kabul edýär, ýöne müşderileriň howpsuzlygyna jogap bermeýär” diýip, çeşme aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, täze gurlan (Olimpiýa şäherçesinde) “Sport” myhmanhanasy, “Aşgabat” myhmanhanasy, “Syýahatçy”, öňki “Turist” (30-njy etrapçada) myhmanhanasy, “Ak altyn” myhmanhanasy paýtagtyň gijeki durmuşynyň ‘esasy hemaýatçylary’ diýlip bilinýär.
Söhbetdeşimiz türkmen paýtagtynda ‘arassa, halal’ diýilýän myhmanhanalaryň hem bardygyny, ol myhmanhanalaryň şähere gelýän ‘arassa, halal adamlaryň ynamly düşelgeleri’ bolandygyny aýtdy.
“Olimpýa”, “Nebitçi”, “Ýyldyz”, “Paýtagt” myhmanhanalary welaýatlardan gelýän garyp gatlak üçin, aýdylmagyna görä, arassa, halal myhmanhanalar hatarynda tanalýar, ol myhmanhanalara gelýän jübütlere diňe nika haty bilen gelenlerinde otag alyp, bile galmaga rugsat berilýär" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi özüne mälim bolan ýagdaýlar barada gürrüň berdi.
Nikadan daşary edilýän jynsy gatnaşyk üçin gelýän adamlara otag berýän myhmanhanalarda, birnäçe çeşmäniň tassyklamagyna görä, adaty müşderilere köplenç ‘otag ýok’, ‘ýer ýok’ diýip, sowuk jogap berýärler.
Munuň sebäbi resmi bahasy 200 manat bolan otaglary kanuny esasda, arassa myhmanlara bermegiň işgärler üçin ‘peýdasyz’, ‘bähbitsiz’ bolmagy bilen düşündirilýär.
Myhmanhana bolçulygyndaky otag gytçylygyAýdylmagyna görä, bu myhmanhanalara her gije azyndan birnäçe jübüt binika jynsy gatnaşyk etmäge gelýär, her aýal getiren müşderiden 2 sagadyna 500, hatda 600 manatdan töleg alynýan halatlary hem bolýar. Bu ýagdaý paýtagta gelen myhmanlaryň köplenç, ‘myhmanhana bolçulygynda’ otag tapman, şäherde taksi tutup, gije ýatar ýaly ýer gözläp kösenmegine sebäp bolýar.
“Ady erbetlikde agzalan myhmanhanalar gijeki bikanun myhmanlaryny kabul etmän, hakyky myhmanlara hyzmat etseler, uly kösençlikler aradan aýrylardy. Men geçen sapar paýtagta baranymda, ýatmak üçin ýer tapman, şäheriň ol künjeginden beýleki künjegine aýlanyp, taksi üçin tölän pulum 300 manat boldy. Iň soňunda Türkmenbaşy şaýolynyň ugrundaky “Olimpiýa” otelinden otag tapdym” diýip, sebit ýaşaýjysy aýtdy.




“Olimpiýa” myhmanhanasynyň bir hünärmeni anonimlik şertinde gürleşip, sebit ýaşaýjysynyň aýdanlaryny tassyklady we, myhmanhanalardaky ýer gytçylygynyň paýtagtyň gijeki durmuşyna hyzmat edýän myhmanhanalaryň ‘bikanun biznesi’ sebäpli saklanýandygyna ynanýandygyny aýtdy.
Azatlygyn habarçylary türkmen paýtagtynyň gijeki durmuşy we myhmanhanalardaky pynhan duşuşyklar, bu ýagdaýa edilýän polisiýa gözegçiligi, jogapkärçilige çekilen adamlar, şeýle-de myhmanhana bolçulygyndaky otag gytçylygy barada degişli resmilerden hiç bir düşündiriş alyp bilmeýär. Sebäbi häkimiýetlerden beýle maglumatlary soramak hem howply bolmagynda galýar.
Türkmen häkimiýetleri ýurt daşyndan edilýän telefonlara köplenç jogap bermeýärler ýa-da, kähalatda berilýän soraga jogap almak üçin ýurda gelmelidigini aýdýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса