Добавить новость
ru24.net
World News
Март
2026
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26
27
28
29
30
31

Özbegistanda suw joşmasy, sil howpy duýduryşlary metjit minaralaryndan berler

0

BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi we Uzgidromet bilen bilelikde, metjitleriň daşarky ses güýçlendirijilerini ulanmak bilen, Özbegistanda adatdan daşary ýagdaýlar baradaky duýduryş ulgamyny ornaşdyrýar.

"Kursiv Uzbekistan" neşiriniň habaryna görä, bu ulgam ýedi sebiti we 6,5 million adamy öz içine alar.

Aýdylmagyna görä, ýaşaýyş etraplarynyň golaýynda ýerleşýän metjitlerde ýörite enjamlar oturdylypdyr. Olaryň kömegi bilen, minaralarda we fasadlarda ýerleşýän daşarky ses gataldyjylar arkaly gyssagly ýagdaýlar barada habar berer.

Bu enjamlar Fergana, Jizak, Kaşkaderýa, Namangan, Samarkant, Syrderýa we Daşkent sebitlerindäki 272 metjitde oturdyldy.

"Ilatly ýerleriň ählisinde metjit bar. Olar bildirişleri 500 metrden 2000 metre çenli radius aralykdan eşitdirip bilýän güýçli daşarky ses gataldyjylar bilen üpjün edilen. Habarlar daşaryk alnyp eşitdirilýär, şonuň üçin habarlaşma zolagyndaky her bir adam, jaýyň içinde ýa-da daşarda bolsun, tapawudy ýok, olary eşider. Bilermenler bildirişleriň, çeträkdäki toparlar bilen birlikde, takmynan 6,5 million adama ýetip biljekdigini çaklaýarlar" diýip, neşir ýazýar.

Başlangyjyň awtorlarynyň ynanjyna görä, ornaşdyrylýan tehnologiýalaryň esasy artykmaçlygy olaryň mümkin bolan bökdençliklere çydamlylygy bolup durýar. Habarlar hatda mobil telefon hyzmaty we elektrik kesilende hem iberilip bilinýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса