Добавить новость
ru24.net
World News
Март
2026
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

TDMI-niň studentleri ruhy we fiziki basyşdan şikaýat edýärler

0

Türkmenabadyň ýokary okuw jaýynda studentler mugallymlaryň özlerini kemsitmelere sezewar edýändigini ruhy we fiziki zorluga ýol berýändigini aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň birnäçe studenti bilen söhbetdeş bolup, ýagdaýy anyklady.

"Mugallym yzygiderli kemsidýär, gygyryp basyş edýär we käbir ýagdaýlarda urýar. Studentleriň ýolbaşçylara edýän arzlary netijesiz galýar" diýip, student 28-njy martda gürrüň berdi.

Institutyň himiýa we biologiýa bölümlerinde okaýan studentler babatynda birnäçe ýyldan bäri psihologik basyş we fiziki jeza ýaly ýagdaýlar dowam edip gelýär diýip, studentler mugallymyň sapak wagtynda talyplar bilen gödek gepleşýändigini we olaryň mertebesini peseldýän sözleri ulanýandygyny gürrüň berdiler.

"Mugallym käwagt baryňyzam tupoý, sizi diňe meýdana çykaryp ýer depdirtmeli. Ataňyzyň puly kän bolany üçin okuwa girdik diýip, diňe san bolup ýörsüňiz” diýip, studentleriň biri mugallymyny sitirledi.

Mugallymyň gyzlara-da, oglanlara-da tapawut goýman berk daraýandygyny aýdýan ýaşlar, olary sapak wagtynda dik duruzyp goýýandygyny, gygyrýandygyny, kemsidýändigini we käte urýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk bilen gürleşen studentler mugallymyň oglan talyplary aýratynlykda otagda saklap, olary urýandygyny öňe sürdüler.

“Mugallym oglanlary otagyna gabap, aýagyň aşagyna, biline ukazka taýagy bilen urýardy. ‘Men sizi adam ederin, ýer çeken tupoýlar’ diýýärdi” diýip studentleriň ýene biri gürrüň berdi.

Ýokary okuw jaýynyň studentleriniň howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde beren maglumatlaryna görä, şeýle ýagdaý, hususan-da, tebigat bilimleri fakultetinde birnäçe ýyl bäri dowam edýär, emma edaranyň ýolbaşçylaryň ünsüni çekmeýär.

Studentleriň birnäçesi şol bir mugallymyň adyny agzadylar. Azatlyk Radiosy mugallymyň özi bilen gepleşip bolmandygy sebäpli onuň adyny agzamakdan saklanýar.

'Arzymyzy eşitdirip bolmaýar'Studentleriň bellemegine görä, mugallymyň özüni alyp barşy baradaky nägilelikler fakultetiň ýolbaşçylaryna ýetirilipdir, emma arzlar diňlenmändir.

“Kafedra müdirine, dekana ýüz tutduk. Ýöne biziň sözümize gulak asmagyň ýerine, ‘Mugallymyň kemçiligini tapar ýaly kim siz?’ diýen manydaky jogap berdiler ” diýip, ýene bir student gürrüň berdi.

Şeýle-de, studentler ýokary okuw jaýynyň ýolbaşçylaryna, şol sanda rektora ýa-da terbiýeçilik işler boýunça orunbasaryna ýüz tutmagyň kyndygyny belläp, administrasiýanyň işgärleri arz bilen gelenleri kabul etmek islemeýärler, tersine kemsidip kowýarlar diýýärler.

Bir student ýagdaý barada şeýle gürrüň berdi: “Glawny zdaniýadan girip, rektora ýüz tutjak diýseň, administrasiýada işleýänler ‘Bar, gümüňi çek şu taýdan, kän gürleme’ diýip kowup goýberýärler. Bizi halys gul hatarynda görýärler”.

Azatlyk Radiosy Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen habarlaşmaga we studentleriň gürrüň beren ýagdaýlary barada resmi teswir almaga synanyşdy. Okuw jaýynyň websaýtynda görkezilen telefon nomere edilen jaňlara jogap berilmedi.

Studentler öz hukugyny goramak üçin kanun goraýjy edaralara ýüz tutmagada-da çekinýändigini aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, ýokary okuw jaýynda para berip giren ýaşlaryň ençemesi bolansoň, olar okuwdan çykarylmakdan gorkýarlar.

“Köp talyp para berip okuwa girdi. Şonuň üçin bahana tapyp, okuwdan çykararlar diýen gorky bar. Olar ene-atalarynyň beren on müňlerçe dollar puly boşuna gider diýip howatyrlanýarlar. Sistema hem şu gorkudan peýdalanýar” diýip, student öz pikirini mälim etdi.

Şeýle-de studentler, aýratyn-da okuwda öňe saýlanýan ýa-da öz pikirini açyk aýdýan ýaşlara garşy ruhy basyşyň has güýçli bolýandygyny belleýärler. Olar mugallymyň şeýle talyplary psihologik taýdan basyp, özüne tabyn etmäge synanyşýandygyny belleýärler.

Studentler bu ýagdaýyň diňe bir tertip meselesi däl-de, eýsem ýokary okuw jaýynyň içinde zorlugyň kadalaşdyrylmagynyň bir bölegi diýip, hasap edýärler. “Biz şikaýatymyzy nirede aýtjagymyzy bilemizok. Biz adam, biz gul däl” diýip, studentler belleýär.

Olar öz problemasynyň Azatlyk Radiosynda eşitdirilse, çäre görlüp başlajagyna umyt bildirdiler.

Bu ýagdaý Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda studentleriň daş keşbine, egin-eşigine we hatda okuwdan boş wagtyny geçirişine gözegçilik edilmeginiň arasynda ýüze çykdy. Studentler okuw wagtynda köpçülikleýin çärelere hem çekilýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса