Добавить новость
ru24.net
World News
Апрель
2026

Mal keselçiliginiň köpelmeginiň arasynda, et bahalarynyň has ýokarlanmak ähtimallygy duýdurylýar

0
Bakan sebitiniň Garabogaz, Türkmenbaşy etraplaryndaky maldarçylyk hojalyklarynda ýaýraýan mal keselçiligi ozalam durmuş ýagdaýlary ýeňil bolmadyk adamlarda uly alada döredýär diýip, ýerli çeşme habar berýär. Telekeçiler, et bazaryndaky nyrhlaryň gaty ýokarlanmazlygy üçin, et importynyň geriminiň giňeldilmegine, iş adamlaryna 'erk berilmegine wagt ýetdi' diýýärler.
“Pasterellýoz (pasteurellosis) ýokuşan mallara weterinarlar tarapyndan derman berilmeýär, mal eýeleri mallaryny öz ellerinden gelen çäreler bilen bejermäge synanyşýarlar, bu kesel haram ölýän mallarda köp hasaba alynýar” diýip, çeşme aýtdy.
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen maldarlar agzyna ýara çykan, toýnaklary çişip, ýöräp bilmän galýan iri we ownuk şahly mallaryň köpelýändigini, il içinde bu keselçiligiň ‘owsul’ diýip atlandyrylýandygyny gürrüň berdiler.
"Keýikleriň getiren keselçiligi"Ýerli hünärmenler bu keselçiligiň goňşy Gazagystandan serhet simlerini böwsüp geçýän keýikler arkaly ýaýrandygyny öňe sürýärler.


Gazagystan bilen Türkmenistanyň araçäkleşýän ýerlerinde, serhet ýakalarynda Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri serhedi ýabany keýiklerden goramak, mallaryň bu töwereklerde bakylmagynyň öňüni almak tagallalaryny edýärler, weterinariýa işgärleri serhet ýakalarynda karantin çärelerini görýärler diýip, bir maldar aýtdy.
Azatlyk bu maglumat boýunça düşündiriş almak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligine hat ýazdy, ýöne bu habar çap edilýänçä jogap almady.
Türkmenistanda mallara degýän keselleriň ýetirýän zyýany, ot-iým ýetmezligi, şeýle-de, synçylaryň sözlerine görä, maldarlaryň öňünde döredilýän emeli päsgelçilikler zerarly, et we et önümleriniň bolçulygyny döretmek başartman gelýär. Bu ýagdaý et bahalarynyň yzygiderli ýokarlanmagyna, daşary ýurtlardan import edilýän et önümleriniň yzygiderli köpelmegine getirýär diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar. Ýöne häkimiýetler, azyk howsuzlygynyň üpjün edilendigini aýdyp, import edilýän et önümleriniň mukdaryny gizlin saklaýarlar.
Mallaryň arasynda ýaýran keselçilik, ýerli telekeçiniň sözlerine görä, soňky wagtlarda türkmenbaşyly telekeçileriň Gazagystandan mal etini getirmegine döredilen şertleri hem ‘doňduryp taşlajaga meňzeýär’.
“Soňky aýlarda, et bahasynyň gymmatlamagy bilen, Gazagystandan Türkmenistana import edilýän sygyr, at, goýun we keýik etleriniň mukdary artdyrylypdy. Garabogaz gümrük geçiş nokadynda her telekeçiniň ýurda 2 tonna çenli gazak etini we et önümlerini getirmek hukugynyň bardygyny aýdýardylar. Gazagystanda mallaryň köpçülikleýin keselläp başlamagy bilen, Türkmenistan iki ýurduň arasyndaky et söwdasyny duruzdy” diýip, türkmenbaşyly telekeçi Azatlyga aýtdy. Onuň ady howpsuzlyk aladalary sebäpli aýdylmaýar.
Telekeçiler 'çykalganyň bardygyny' aýdýarlarTelekeçiniň sözlerine görä, Gazagystanda keýik, sugun ýaly ýabany haýwanlaryň etleri tas mugt, eger özüm tutup alaryn diýseň, mugt berýärler; at eti hem çetki obalarda gaty arzan, goýun eti bolsa, Türkmenistandaky bahalar bilen deňeşdirilende, has arzan bolup, çopanlar bilen ylalaşyp alyp bilseň, kilogramyny 55 manatdan satyn alyp bolýar.
Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanda goýun etiniň kilogramynyň 155 manada çenli gymmatlandygy habar berlipdi.


Ýerli telekeçi Gazagystanda sygyr etiniň hem Türkmenistanda garanda “eslije arzandygyny” aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen telekeçileriň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda häzir mal etiniň bahasy kilogramy 165 manat töwereginde, kadaly saklanmagyny dowam etdirýär we goňşy ýurtdaky arzançylyk iş adamlary üçin gowy gazanç mümkinçiligini berýärdi.
“Eger olarda we bizde mallarda dörän ýokanç kesele garşy tiz çäre görülmese, Türkmenistanda maý aýynyň aýagyna çenli 1 kg etiň bahasy 200 manatdan hem geçip biler” diýip, ýerli telekeçi bu nyrhyň türkmenistanlylaryň alýan aýlygy bilen has gymmat boljakdygyny belledi.
Onuň hasaplamalaryna görä, Türkmenistanda we Gazagystanda mal keselçiligine çäre tapylmasa, onda eti başga ýurtlardan, daşrak ýerlerden import etmeli bolar.
“Mongoliýanyň goýun, sygyr etlerini ýurda getirmek üstünde işlense gowy bolardy. Ýörite halal ýol bilen soýduryp almak ýa-da mallary diri görnüşinde getirmek pikirini etmeli. Eger-de telekeçilere erkinlik berseler, olar gidip, türkmen standartyna laýyk edip, et getirip bilerler. Bolmasa, Türkmenistanda 165, 170 manatdan et satyn almaga köp maşgalada mümkinçilik ýok” diýip, telekeçi öz pikirini aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri bazara ýetjek täsire açyk reaksiýa bildirmeýärAzat Ýewropa/Azatlyk radiosy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň fermerlerine salgylanyp, mallara degýän keseliň giň ýaýramak ähtimallygyndan bildirilýän aladalar barada mart aýynyň aýagynda habar berdi. Şonda bu keseliň alamatlarynyň aýak-agyz keseline meňzeýändigi, ýöne häkimiýetleriň muny inkär edýändigi aýdyldy.
Mallaryň arasyndaky keselçiligiň köpelmegi Orsýetdäki howsalaly ýagdaý bilen baglanyşykly hasaplanýar, sebäbi şol wagt eýýäm, Sibiriň Gazagystan bilen araçäkleşýän sebitlerinde, pasterellýoz sebäpli mallaryň köpçülikleýin öldürilmegi birnäçe hepde bäri dowam edýärdi.


Türkmen hökümetiniň mejlislerinde we döwlet eýeçiligindäki metbugatda maldarlaryň mallaryna degýän ýokanç keseller, keselçilige garşy görülýän çäreler, şeýle-de bu ýagdaýyň et bazaryna ýetirjek täsirleri, ýokarlanýan nyrhlar we ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan azyk kynçylyklary barada açyk gürrüň edilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса