Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2019

Sibir türmesinde tussagyň gynalyşyny görkezýän ýene bir wideo peýda boldy

0
Sibirde çykýan gazet, aýdylmagyna görä, türme gözegçisiniň tussagy gynaýşyny görkezýän wideony çap etdi.


“Novosti Krasnoyarsk” gazeti bu wideony 5-nji noýabrda öz websaýtynda çap etdi. Onda bir ofiseriň Krasnoýarsk şäherindäki 7-nji zähmet düzediş koloniýasynda arassaçylyk işlerinden boýun gaçyran bir tussaga gargynyşy we haýbat atyşy görkezilýär. 


Tussag ofiseriň beren tabşyrygyny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrandan soň, ofiser ol tussagy zor bilen hajathana eltip, onuň kellesini tualet çanagynyň  içine salýar. 


Gazet öz žurnalistleriniň bu wideony nädip ele salandygyny aýtmaýar we ondaky ofiseri jezalaryň ýerine ýetirilmegi boýunça federal gullugyň gözleg-agtaryş bölüminiň başlygy hökmünde tanadýar.


Bu ofiser biraz öň başga bir tussagyň gynalmagy bilen bagly işde şaýat bolup görkezme beripdi.


Häkimiýetler bu wideo boýunça deslapky derňew işlerine başlandyklaryny aýtdylar.


Rus türmelerindäki adam gynamalary soňky ýyllarda giň jemgyýetçilik tankydyna sebäp boldy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса