Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2019

Erdogan türk güýçleriniň YD-nyň öldürilen başlygy Bagdadynyň aýalyny tutandygyny aýdýar

0
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 6-njy noýabrda Siriýadaky türk gýüçleriniň “Yslam döwleti” toparynyň öldürilen lideri Abu Bakr al-Bagdadynyň aýallarynyň birini we beýleki maşgala agzalaryny ýesir alandygyny aýtdy.


Emma ol başga detallary açmady we tussag edilen aýalyň adyny hem aýtmakdan saklandy.


Bagdadynyň dört aýaly bar diýip bilinýär, ol 26-njy oktýabrda, Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky Idlib welaýatynda, ABŞ-nyň ýörite güýçleriniň geçiren operasiýasynda öldürildi.


“Birleşen Ştatlar Bagdadynyň ötükde özüni öldürendigini aýtdy. Olar bu barada aragatnaşyk kampaniýasyna başlady” diýip, Erdogamn aýtdy. “Emma men şu ýerde birinji gezek aýdýaryn: biz onuň aýalyny tutduk we bu barada olar ýaly galmagal turuzmadyk. Şeýle-de, biz Siriýada onuň aýal doganyny we giýewisini hem tutduk” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


“Roýters” we AP 5-nji noýabrda uly derejeli türk resmilerine salgylanyp, Bagdadynyň uly aýal dogany, 65 ýaşyndaky Rasmiýa Awadyň 4-nji noýabrda, türk kontrollygyndaky Azaz şäherinde, Siriýanyň Aleppo welaýatynda saklandy. 


Erdoganyň öz soňky beýanatynda Awady nazarda tutýandygy bada-bat belli bolmady.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса