Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2019

Erdogan ABŞ bilen gatnaşyklary sazlamak üçin Ak Tama bardy

0
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan geçen gezek prezident Donald Tramp bilen duşuşmak üçin Waşingtona sapar edende onuň howpsuzlyk resmileri 2017-nji ýylda Türkiýäniň ilçihanasynyň golaýynda kürtçi parahat demonstrantlara hüjüm edipdi.


Erdoganyň 13-nji noýabrda baran wagty NATO boýunça iki agza ýurdunyň arasyndaky dartgynlylygyň gurama döredileli bäri 70 ýylyň dowamyndaky iň güýçli derejä baran pursadyna gabat geldi.


“Biz bu sapary türk-amerikan gatnaşyklarynyň agyryly prosesden geçýän döwründe edýäris" diýip, Erdogan 11-nji noýabrda Waşingtona saparynyň öňüsyrasynda aýtdy.


Şol bir wagtyň özünde-de, Trampyň administrasiýasynyň baş wekili gatnaşyklary zäherleýän käbir ylalaşyksyzlyklaryň bardygyny tassyklady. Olar Türkiýäniň Orsýetiň raketadan goranyş S-400 sistemasyny satyn almagy we demirgazyk Siriýada ABŞ-nyň ýarany bolan kürt söweşijilerine harby basyşlary ýaly meseleleri öz içine alýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса