Şwed banky rus pullaryny geçirmek bilen ABŞ sanksiýalaryny bozmakda güman edilýär
SVT 20-nji noýabrdaky habarynda Kalaşnikowyň esasy paýdarlarynyň biri, Aleksander Mahmudow atly rus oligarhynyň 1 milliondan gowrak ýewrony (US$1.1 million) Birleşen Ştatlarda hasaba alnan Kalaşnikow ABŞ kärhanasyndaky kärdeşlerine geçiren bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.
Bu serişdeler Swedbankyň Estoniýadaky bölüminiň üstünden geçirilipdir diýip, SVT habar berýär.
Bu iş 2014-nji ýyldan soň, ABŞ Moskwanyň Ukrainanyň Krym sebitini anneksiýa etmegine jogap hökmünde Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki uly kompaniýalarynyň bir toparyna garşy sanksiýa girizilende edilipdir.
ABŞ derňewçileri indi Swedbankyň bu bank amallarynda sanksiýalary bozup-bozmandygyny barlaýar diýip, SVT aýtdy.
