Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2019

Halilzad Pakistana sapar edýär

0
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad Pakistana sapar edýär. Ol iki günlük saparyň dowamynda ýurt resmilerine owgan “Talybany” bilen alnyp barylýan gepleşikler barada maglumat berer.


Pakistanyň döwlet mediasynyň maglumatyna görä, Halilzad Yslamabadyň parahatçylyk gepleşiklerini ilerletmek boýunça tagallalaryna gowy baha beripdir.


Pakistanyň we onuň gizlin gullugynyň jeňçi toparyna uly täsir ýetirýändigi aýdylýar.


Geçen hepde Halilzad Kataryň paýtagty Dohada “Talyban” bilen gepleşikleri ýaňadandan başlapdy.


Bu mundan üç aý ozal prezident Donald Trampyň Owganystandaky 18 ýyllyk urşy soňlamak ugrundaky gepleşikleri togtatmagynan soň taraplaryň geçiren ilkinji duşuşygy boldy.


Şol bir wagtda, 11-nji dekabrda Halilzad, “Talybanyň” ABŞ-nyň Owganystandaky harby bazasyna eden hüjüminden soň, gepleşiklere “gysga wagtlyk arakesme” berlendigini aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса