Ukraina, Russiýa gaz tranzit gepleşiklerini dowam etdirýärler
Häzirki 10 ýyl möhlet bilen baglaşylan ylalaşyk dekabryň aýagynda tamamlanýar.
13-nji dekabrda Wenada Gazpromyň başlygy Alekseý Miller we Naftogaz Ukrainanyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky gepleşikler netijesiz tamamlandy.
“Häzir anyk bir zat aýdardan entek ir. Emma, biz konstruktiw çemeleşýäris” diýip, Naftogazyň dolandyryjy direktory Ýuriý Witrenko özüniň Facebook hasabynda ýazgy galdyrdy.
Witrenko geçen aý Wenada geçirilen gepleşiklerden soň, Moskwa bilen Kiýew ýylyň aýagyna çenli täze tranzit ylalaşygyna baglaşyp bilmeseler-de, Ukrainanyň Ýewropa akdyrylýan rus gazyny kesmejekdigini nygtapdy.
