Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2019

Tramp, Abe telefon söhbetdeşliginde Eýrany maslahat etdiler

0
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe bilen telefon söhbetdeşliginde Eýrany, Demirgazyk Koreýany we söwdany maslahat etdi diýip, Ak Tam 21-nji dekabrda giçlik maglumat berdi.


Ak Tamyň metbugat wekili Eýran baradaky gürrüňiň jikme-jiklerini aýan etmedi.


Kýodo habar gullugy söhbetdeşligiň 15 minut çemesi dowam edendigini aýtdy.


Şol günüň özünde Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Ýaponiýa eden iki günlük saparyny tamamlapdy. Ol  Tokiodan 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyny saklap galmaga ýardam bermegini sorady.


ABŞ-nyň Aziýa sebitindäki ýarany Ýaponiýa Eýran bilen hem diplomatiki we ykdysady gatnaşyklary saklaýar.


Mundan öň, Abe iki bäsdeş ýurda araçylyk etmäge hem synanyşypdy.


Geçen ýyl Tramp ABŞ-ny ýadro ylalaşygyndan çykaranyndan soňra, Waşington bilen Tähranyň gatnaşyklary has-da ýitileşdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса