Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Декабрь
2019

Kreml: Putin mümkin terror hüjüminiň öňüni almaga hemaýat bereni üçin Trampa minnetdarlyk bildirdi

0
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň prezidenti bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde “Russiýada terroristik aktyň öňüni almaga hemaýat beren maglumatlaryň ýörite gulluklara iberlendigi üçin” Donald Trampa minnetdarlyk bildirdi diýip, Kreml 29-njy dekabrda maglumat berdi.


Bu barada ABŞ tarapyndan bada-bat beýanat bolmady.


Rus habar serişdeleriniň Federal Howpsuzlyk Gullugyna (FSB) salgylanyp aýtmagyna görä, ABŞ-nyň maglumatlary esasynda “Täze Ýyl baýramçylyklarynda Sankt-Peterburgda terror hüjümlerini amala aşyrmagy planlaşdyran” iki russiýaly saklanypdyr.


Kremliň websaýtynda bellenmegine görä, Tramp we Putin “özara gyzyklandyrma döredýän meseleleriň toplumyny” hem maslahat edipdirler.


Iki lider “terrorizme garşy göreşde özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar” diýip, Putiniň edarasy aýtdy.


Başga goşmaça maglumat berilmedi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса