Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2020

BMG-niň başlygy Nýu-Ýorkdaky işgärleriniň üç hepde öýden işlejekdigini aýdýar

0
BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterres guramanyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasyndaky 3 müň işgäriniň ählisiniň, koronowirusyň ýaramagynyň öňüni almak bilen bagly möhüm wezipeler talap etmese, üç hepdeläp öýden işlejekdigini aýtdy. 


Guterres 13-nji martda bu planyň "BMG-niň baş edarasyndaky wezipe-ygtyýarlyklary ýerine ýetirmegi dowam etdirmek bilen, ol ýerdäki fiziki gatnaşygy azaltjakdygyny” aýtdy.


"Siziň saglygyňyz we aman-esenligiňiz meniň iň uly aladam bolup galýar. Howp-hatarsyz boluň, akylly-başly boluň, rehimli boluň" diýip, ol başga bir habarynda aýtdy. 


BMG-nyň metbugat sekretary Stefan Dujarric buýrugyň 16-njy martdan güýje girjekdigini habar berdi. 


Dujarric BMG-nyň işgärleriniň hiç biriniň COVID-19 barlagynda oňyn netije görkezmändigini, ýöne Filippinlerden BMG-ä bellenen diplomatyň barlagda oňyn netije görkezendigini belledi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса