Çehiýa, koronowirus sebäpli, söwda nokatlaryny we restoranlary ýapýar
Bu çäreler Çehiýanyň premýer-ministri Andreý Babişiň adatdan daşary ýagdaý yglan edip, mekdepleri we hyzmat merkezlerini ýapmak baradaky kararyndan soň görülýär. Çehiýanyň raýatlarynyň we bu ýerde ýaşaýanlaryň koronowirus sebäpli dörän krizis wagtynda serhetden aşmagy gadagan edilýär.
Şeýle-de, çeh häkimiýetleri ýaşamak üçin rugsady bolmadyk daşary ýurtlularyň ählisiniň ýurda girmegini gadagan etdi. Goňşy Slowakiýa we Polşa hem daşary ýurtly syýahatçylar üçin serhetlerini ýapdy.
Çeh respublikasynda COVID-19 hassalygy bilen näsaglan adamlaryň 116 sanysy tassyk edildi, bu dertden ölenleriň bolandygy hasaba alynmady.
