Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2020

Dünýäde COVID-19 bilen kesellänleriň sany 3,6 milliondan aşdy

0
Dünýäde koronawirusa ýolugýanlaryň sanynyň artýan pursady, Germaniýanyň Ýewropanyň iň iri ykdysadyýetini açmak boýunça nobatdaky ädimlerini mälim etmegine garaşylýar. Bu aralykda, Germaniýanyň baş saglyk resmisi COVID-19 wirusynyň ikinji we üçünji tolkunlarynyň netijesinde, ýurduň ilatynyň 70%-niň bu wirus bilen keselläp biljekdigini duýdurýar.


Jons Hopkins Uniwersitetiniň maglumatyna görä, dünýä boýunça wirusa 3,6 milliondan hem aşa adam ýolugdy we ondan 257 müňden hem köp adam heläk boldy.


Ýewropa ýurtlary, sosial aralygy we sanitariýa talaplaryny öz güýjünde saklap, çäklendirmeleri gowşadyp başladylar. Wirusdan Ýewropada 140 müň töweregi adam öldi.


ABŞ-nyň onlarça ştatynda biznesler täzeden ýola goýulyp we öýden çykmazlyk baradaky talaplar gowşadylyp başlandy. Çäklendirmeler ýurduň ykdysadyýetini haýalladyp, 30 million töweregi adamyň işden çetleşmegine getiripdi. Birleşen Ştatlarda 1,2 million töweregi adam wirus bilen keselledi we ondan 72 müňe golaý adam öldi. ABŞ-da wirusdan her gün 1 müň adamyň ölýändigi we oňa täze 20 müň adamyň ýolugýandygy habar berilýär.


Aziýa sebitiniň döwletleri hem çäklendirmeleri gowşadyp başladylar.


Bilermenler Latin Amerikada ýakyn günlerde wirusyň iň ýokarky nokadyna ýetilip bilinjekdigini çaklaýarlar. Regionda koronawirusdan 15 müňe golaý adam öldi.

Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса