Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2020

Zelenskiý derňew žurnalistini çäkden aşmakda aýyplaýar, redaktor aýyplamalary ret edýär

0
Prezident Wolodymyr Zelenskiý “UA: Perşi telewideniýesi” bilen Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň bilelikdäki “Shemalar” derňew proýektiniň habarçysyny deňagramly žurnalistikanyň çäginden çykmakda we ukrain liderini yzarlamak bilen kanuny bozmakda aýyplady. Topar bu aýyplamalary ret etdi.


20-nji maýda geçiren metbugat ýygnagynda Zelenskiý “Shemalar” proýektiniň habarçysy Mikaýlo Tkaçis “hemme ýerde, ol meniň ýaşaýan ýerimde, gidýän ýerimde, işleýän ýerimde...hemişe ýa-da tas her gün edil milli sakçy ýaly iş başynda” diýdi.


“Dünýäde haýsy ýurtda žurnalist prezidentiň ulag kerweninde gidýär, haýyş edýärin, iň bolmanda şeýle bir ýurt görkeziň maňa, prezidentiň ulag kerweniniň edil içinde, surata düşürsin, ýa-da düşürmesin, meni gyzyklandyranok, meniň gizläre zadym ýok – ýöne prezidentiň ulag kerweniniň edil içinde” diýip, Zelenskiý aýtdy.


“Meniň pikirimçe žurnalistika bilen hökümetiň arasynda şahsy hiç zat bolmaly däl, adam kanuny bozup bilmez” diýip, ol aýtdy.


“Shemalar” proýektiniň redaksiýasy Zelenskiýniň aýyplamalarynyň esassyzdygyny hem-de öz žurnalistleriniň ukrain kanunçylygynyň çäginde hem-de žurnalistiki ölçegleriň çygyrynda hereket edýändiklerini aýtdy.  



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса