Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июнь
2020

NATO-nyň ýolbaşçysy guramany pugtalandyrmak barada çykyş edýär, ABŞ Germaniýadan goşun çykarjak bolýar

0
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg 8-nji iýunda guramany pugtalandyrmak hakynda çykyş etmegine taýýarlanýar. Bu aralykda ABŞ-nyň Ýewropadaky ýaranlary amerikan goşunlarynyň Germaniýadan çylarylmagy bilen bagly planlaryndan alada edýärler. 


Şeýle-de, Stoltenbergiň Atlantik geňeşi we ABŞ-nyň Transatlantik hyzmatdaşlygy boýunça fond (German Marshall Found) tarapyndan taýýarlanan çykyşy NATO partnýorlarynyň Polşada we Baltiýa ýurtlarynda geçirýän iki sany harby türgenleşiklerine gabat gelýär. 


ABŞ-nyň Germaniýadan goşun çykarmak baradaky planlary NATO-nyň käbir agzalaryny geň galdyrdy, olar bu ädimiň NATO zyýan ýetirip, Orsýet ýaly garşydaşlaryny güýçlendirjegini aýdýarlar, diýip, "The Wall Street Journal" neşiri 7-nji iýunda ýazdy. Gazetiň 5-nji iýunda habar bermegine görä, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýurduň 9 500 harbysyny çykarmagy göz öňünde tutýar. 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса