Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2020

Trampyň ýaranlarynyň birinde COVID-19 ýüze çykaryldy

0
ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýaranlarynyň ýene birinde koronawirus ýüze çykaryldy. Bu aralykda, 3-nji noýabrda geçmeli prezidentlik saýlawlarynyň öňýanynda iki tarapyňda kampaniýaçalary 7-nji oktýabrdaky wise-prezidentlige dalaşgärleriň arasyndaky debata taýýarlanýarlar.


Stifen Miller (Stephen Miller) Trampyň golaý maslahatçylarynyň biri we spiçraýteridir.


Onuň netijeleriniň pozitiw çykmagy, wirusyň Ak Tamda Tramp bilen işleşýän adamlaryň arasynda ýaýramagyny dowam etdirýändigine ýene bir nyşan boldy. Ak Tamyň metbugat wekili Kaýleh MakEnani (Kayleigh McEnany) Milleriň “gowudygyny”, şeýle-de testiniň pozitiw netijesinden bäş gün öň özüni üzňeleşdirendigini aýtdy.


MakEnani 5-nji oktýabrda özüniň wirusa ýolugandygyny we karantine ýerleşýändigini mälim edipdi.


Tramp maska geýmäge biparh çemeleşendigi we daşarda köpçülikleýin ýygnanyşyklary gurnandygy üçin tankytlanypdy.


Wise-prezidentlige dalaşgärler, häzir bu wezipäni berjaý edýän Maýk Pensiň (Mike Pence) we Demokratlardan kandidat senator Kamala Harrisiň arasyndaky debatlar 7-nji oktýabrda Las Wegasda geçiriler.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса